4-nji aprelde Bolgariýada geçirilen Parlament saýlawlarynda Premýer-ministr Boýko Borisowyň ýolbaşçylyk edýän «Bolgariýanyň raýatlary Ýewropa ösüşi üçin» (GERB) partiýasy Demokratik güýçler bileleşigi bilen hyzmatdaşlykda ýeňiş gazandy. Bu barada Bolgariýanyň saýlaw komissiýasy habar berdi.
Şeýlelik bilen GERB partiýasy 25% ses aldy, «Şeýle halk bar» partiýasy 17,1%, Bolgariýa Sosialistik partiýasy (BSP) 16,7% ses aldy. Şeýle hem Bolgariýanyň Halk ýygnagynda (Parlament) «Demokratik Bolgariýa» 10,5%, «Hukuklar we azatlyklar üçin hereket» 10,2%, «Galkynyş» 5% we VMRO 4,7% sese eýe boldy.
Saýlawlara jemi 22 partiýa, sekiz koalisiýa, şeýle-de garaşsyz dalaşgärler gatnaşyp, Parlamentdäki 240 orun üçin bäsleşdiler. Parlamentdäki orunlara 6985 dalaşgär dalaş etdi. Ýurduň hemme ýerinde 12 müň töweregi saýlaw uçastogy, şeýle hem daşary ýurtlarda ses bermek üçin 465 saýlaw uçastogy açyldy. Parlament saýlawlaryna gatnaşanlaryň sany 43,9%-e deň boldy.
Bolgariýada soňky saýlawlar 2017-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilipdi. Şonda GERB 33,54% ses alyp, ýeňiş gazanypdy. Bolgariýa Sosialistik partiýasy (BSP) hem öz gezeginde ikinji ýeri eýeläp, oňa saýlawçylaryň 27,93%-i ses beripdi.