Gö­zel keşbi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan To­kio bar­ha ös­ýän şä­her bo­lup, te­bi­ga­tyň go­ral­ýan paý­tag­tla­ry­nyň bi­ri­dir. Ikin­ji ja­han ur­şun­dan soň To­kio tiz wagt­da ösüş ýo­lu­na düş­di. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň iň gür ilat­ly ýe­ri bo­lan bu şä­her­de, tak­my­nan, 14 mil­li­on adam ýa­şa­ýar. To­kio­da her bir ine­dör­dül metr bel­li bir mak­sat üçin ula­nyl­ýar. Ýer gyt, ýö­ne bu hä­ki­mi­ýet­le­re we ra­ýat­la­ra na­hal­la­ry oturt­ma­ga we bar bo­lan­la­ry­na ideg et­mä­ge päs­gel ber­me­ýär. Kä­wagt ga­ra­şyl­ma­dyk çöz­güt­ler kö­me­ge gel­ýär.
– To­kio­nyň äh­li ýa­şyl zo­lak­la­ry ba­ra­da aýt­sak, olar şä­he­riň 52 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­tir­ýär, eger-de paý­tag­tyň 23 et­ra­by­nyň hem­me­si­ni al­sak, se­ýil­gäh­ler ola­ryň çä­gi­niň dört­den bir bö­le­gi­ni düz­ýär. Biz tä­ze se­ýil­gäh­ler dö­red­ýä­ris we ýa­kyn­da se­ýil­gäh iş­le­ri­ni has-da jan­lan­dyr­mak üçin tä­ze stra­te­gi­ýa­ny iş­läp düz­dük – di­ýip, To­kio şä­her hä­kim­li­gi­niň ýa­şyl sy­ýa­sat bö­lü­mi­niň ýol­baş­çy­sy Ka­zu­hi­ko Ao­ýa­ma aýd­ýar.
Kä­bir bag­la­ryň ta­ry­hy To­kio­nyň Edo diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan döw­rü­ne de­giş­li­dir. Su­mi­da der­ýa­sy­nyň guý­ýan ýe­rin­dä­ki we To­kio aý­la­gy­nyň go­la­ýyn­da­ky Ha­ma­rik­ýu bag­la­ry şä­he­riň ha­ky­ky ta­ry­hy gym­mat­ly­gy­dyr.
– Se­ýil­gä­h 360 ýyl ozal gur­lup, il­ki olar do­lan­dy­ry­jy To­ku­ga­wa uru­gy­na hyz­mat edip­dir. 1946-njy ýyl­da bu se­ýil­gäh To­kio hä­kim­li­gi­ne ge­çi­ril­di – di­ýip, Ha­ma­rik­ýu­nyň ýol­be­le­di Sek Ja Ho bel­le­di.
To­kio­nyň ýa­şyl zo­lak­la­ry­na Ikin­ji ja­han ur­şy döw­rün­de ze­per ýe­ti­ril­di. Ha­ma­rik­ýu­da­ky 1707-nji ýyl­da gur­lan çaý öýi di­ňe 1980-nji ýyl­lar­da tä­ze­den di­kel­dil­di. Hä­zir­ki wagt­da bu öý se­ýil­gä­hiň esa­sy gö­zel ýer­le­ri­niň bi­ri bo­lup, çaý da­ba­ra­la­ry we çaý ha­sy­ly­nyň baý­ram­çy­ly­gy ge­çi­ril­ýär. Ha­ma­rik­ýu­nyň 25 gek­tar ýa­şyl meý­da­ny bo­lup, onuň öz­bo­luş­ly gök agaç­la­ry aý­la­gyň de­ňiz su­wy bi­len iý­mit­len­ýär. Se­ýil­gä­hiň ekoul­ga­my­nyň üs­ti dür­li haý­wan­lar we guş­lar bi­len dol­du­ryl­ýar. To­kio öz­bo­luş­ly mi­ra­sy­ny go­rap we ös­dü­rip, gel­je­ge ta­rap he­re­ket ed­ýär. Dai­kan­ýa­ma et­ra­byn­da «Log Ro­ad» soň­ky abat­la­ýyş tas­la­ma­la­ry­nyň bi­ri­dir. Bu kö­ne de­mir ýo­luň ug­run­da gur­lan dynç alyş meý­dan­ça­sy­dyr.
– Bi­ziň hem­mä­miz gü­nüň is­len­dik wag­ty, ýy­lyň is­len­dik wag­ty gel­mek ýa­kym­ly bol­jak ýer hak­yn­da ar­zuw ed­ýär­dik. Ine, bu tas­la­ma şeý­le dö­re­di. Dur­mu­şa ge­çi­ri­len­de, tas­la­ma­my­zy ýe­riň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na nä­dip uý­gun­laş­dyr­ma­ly­dy­gy­my­za, öwüş­gin­le­ri nä­dip go­rap sak­la­ma­ly­dy­gy­my­za üns ber­dik. My­sal üçin, öň­ki ge­çel­ge­le­ri py­ýa­da ge­çil­ýän ýol­la­ra öwür­mek ka­ra­ry­na gel­dik – di­ýip, tas­la­ma­nyň ýolbaşçysy To­mo­su­na Sa­sa­ki aýt­dy.
Hä­zir­ki wagt­da bu et­rap­da ösüm­lik­ler bi­len ýa­şyl gör­nüş­de ut­gaş­dy­ry­lan dü­kan­lar, gar­ba­nyş­ha­na­lar, otur­gyç­lar we köp­çü­lik ýer­le­ri saz­la­şyk­ly ýer­leş­di­ri­lip­dir. To­kio­da­ky bu ýer adam­la­ra te­bi­gat bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lk ber­ýär.