Žu­žan­na Har­gi­tai Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Ýew­ro­pa­nyň ösüş we tä­ze­le­niş ban­ky­nyň tä­ze do­lan­dy­ry­jy mü­di­ri we­zi­pe­si­ne bel­len­di. Ol gu­ra­ma­nyň Ga­za­gys­tan­da, Gyr­gy­zys­tan­da, Mon­go­li­ýa­da, Tä­ji­gis­tan­da, Türk­me­nis­tan­da we Öz­be­gis­tan­da alyp bar­ýan iş­le­ri­ne gö­zeg­çi­lik eder. Bu gu­ra­ma şu gü­ne çen­li 890 tö­we­re­gi tas­la­ma üçin se­bit­de 16,5 mil­liard dol­lar (13,7 mil­liard ýew­ro) ma­ýa goý­dy. Bu ba­ra­da ban­kyň met­bu­gat mer­ke­zi ha­bar ber­di.
Žu­žan­na Har­gi­tai özü­niň tä­ze we­zi­pe­sin­de hä­zir­ki wagt­da ÝÖTB-niň Gün­ba­tar Bal­kan­lar bo­ýun­ça se­bit di­rek­to­ry we Ser­bi­ýa­da ban­kyň baş­ly­gy bo­lup, esa­san, Nur-Sol­tan­da iş­lär we onuň 2021-nji ýy­lyň 17-nji ma­ýyn­da we­zi­pe­si­ne gi­riş­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar. Şeý­le hem ol ban­kyň Daş­kent­dä­ki he­mi­şe­lik eda­ra­syn­da iş­lär.
– ÝÖTB-niň iş­le­ri­ni dün­ýä­niň stra­te­gi­ki taý­dan mö­hüm se­bi­tin­de has-da güýç­len­dir­mek we jan­lan­dyr­mak üçin bu müm­kin­çi­li­ge be­gen­ýä­rin. Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri ägirt­dir we ýa­kyn ýyl­lar­da has mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. Hu­su­sy pu­dak­la­ry gol­da­mak­dan, ýer­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti eko­lo­gi­ýa­laş­dyr­mak­dan, inf­rast­ruk­tu­ra­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak­dan, yk­dy­sa­dy in­teg­ra­si­ýa­ny ös­dür­mek­den baş­lap, ÝÖTB se­bi­tiň öňün­de dur­ýan kyn­çy­lyk­la­ry üs­tün­lik­li çöz­mek­de mö­hüm go­şant go­şup bi­ler – di­ýip, Žu­žan­na Har­gi­tai aýt­dy.
Weng­ri­ýa­nyň ra­ýa­ty Žu­žan­na Har­gi­tai Bos­ni­ýa we Ger­se­go­wi­na, De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýa, Weng­ri­ýa we Hor­wa­ti­ýa ýa­ly bir­nä­çe ýurt­da Ýew­ro­pa­nyň ösüş we tä­ze­le­niş ban­ky­na ýol­baş­çy­lyk et­di. Şeý­le hem, 2018-nji ýyl­da Gün­ba­tar Bal­kan bo­ýun­ça se­bit di­rek­to­ry bol­man­ka, Lon­don­da­ky ban­kyň baş eda­ra­syn­da ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy we­zi­pe­le­ri­ni eýe­le­di, onuň ýol­baş­çy­ly­gyn­da bu ban­kyň ma­ýa go­ýum­la­ry tä­ze re­kord de­re­jä ýet­di. Žu­žan­na Har­gi­tai ÝÖTB-niň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça do­lan­dy­ry­jy mü­di­ri hök­mün­de şu ýy­lyň ba­şyn­da De­mir­ga­zyk ma­ýa go­ýum ban­ky­nyň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne bel­le­nen And­re Ku­us­we­ka­nyň ýe­ri­ne gel­ýär.