Fransiýanyň Luwr muzeýi mugt giriş mümkinçiligi bolan onlaýn platformany ýola goýup, onda muzeýiň 480 müňden gowrak çeper eserleri hödürlenýär. Platformada muzeýiň sekiz bölüminiň ýygyndysynyň sungat eserleri hödürlenip, Yslam sungaty we Galkynyş döwrüniň heýkellerinden başlap, Müsüriň gadymy döwürlerine we dünýäniň dürli künjekleriniň suratkeşleriniň suratlaryna çenli görkezilýär. Ulanyjy muzeýi we onuň eserlerini gözden geçirmäge mümkinçilik berýän ýörite interaktiw karta bilen bir otagdan beýleki otaga geçip bilýär.
– Ilkinji gezek islendik adam kompýuterden ýa-da smartfondan eserleriň ähli ýygyndysyny synlap biler. Bu sanly ulgamyň köp adamlara ýygyndylary ýakyndan synlamak üçin Luwr muzeýine gelmäge has hem ylham berjekdigine ynanýaryn – diýip, muzeýiň ýolbaşçysy Žan-Lýuk Martines aýtdy.
Geçen ýylyň oktýabr aýynyň ahyryndan başlap, Luwr pandemiýa sebäpli myhmanlar üçin ýapyldy. Muzeýde häzirki wagtda köpden bäri meýilleşdirilen abatlaýyş işleri geçirilýär.
«National Geographic»-iň habaryna görä, 2020-nji ýylda 2,7 million adam muzeýe baryp gördi. Bu öňki ýyllardaky ortaça görkezijiden 70% az bolup, Luwryň işgärleri häzire çenli muzeýiň ýitgisiniň kiçi-girim däldigini çaklaýarlar.