Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Her paslyň özüne mahsus gözelligi bar. Ýaz paslynyň gelmegi bilen tebigata jan girip, daş-töwerek al-ýaşyl öwsüp başlaýar. Bu paslyň başynda bolsa açyk meýdanlarda ýeriň astyndan güberip çykýan kömelekler peýda bolýar. Bir öýjükli we köp öýjükli bu organizmiň örän köp görnüşi bolýar. Ýerden gögerip çykýanlygy sebäpli ösümlik diýilýän hem bolsa, kömelekler ösümlik hasaplanmaýar. Sebäbi olarda hlorofil maddasy bolmaýar. Hlorofil bolsa ösümliklere mahsus bolup, ol şöhläni özüne siňdirip, fotosintez hadysasyny amala aşyrýar. Bu biologik pigment ýokdugy sebäpli kömelekler ösümlige degişli hasaplanmaýar.
Tebigy ýagdaýda emele gelýän iýmitlik kömelegi jaýyň içinde ekmek arkaly hem köpeldýärler. Kömelek, esasan, iki bölekden ybarat bolup, onuň depesinde saýawan şekilli, aşagynda taýajyk şekilli bölek (göbek) bolýar. Ol göbeginiň toprak bilen birigýän ýeri arkaly iýmitlenýär. Biziň kömelek diýip ýygnaýan zadymyz aslynda bu jandaryň miwesidir. Onuň düýbi, has dogrusy, köki (spora) kömelek ýygylandan soňra toprakda galýar. Şol sebäpli ozal kömelek ýygylan ýerden ýene-de kömelek tapyp bolýar. Sebäbi onuň düýbi edil miwe agaçlary ýaly ýene-de miwe berýär. Bu kökler bir ýyldan hem uzak «ýaşaýar». Ekme kömelek hem şol kökler arkaly köpeldilýär. Tebigy ýagdaýda ýetişýän kömelekler olaryň «saýawanynyň» şekiline görä toparlara bölünýär. Kömelekleriň ähli görnüşi başga bir ösümligiň ýa-da jandaryň iýmitinden peýdalanýar. Olar iýmitlik maddalaryny çüýrük ösümliklerden ýa-da beýleki janly organizmlerden alýarlar.
Tebigatda birnäçe görnüşli kömelek bolup, olaryň arasynda zäherlileri hem bolýar. Şol sebäpli kömelek ýygylanda olaryň zäherli däldigini anyklamaly bolýar.

Aý­sol­tan Mu­ham­met­da­wy­do­wa,
Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.