Türkiýe Respublikasynda 2021-nji ýyl «Mehmet Akif we Garaşsyzlyk senasy ýyly» diýlip yglan edildi. Beýik türk şahyry Mehmet Akif Ersoý tarapyndan ýazylan Garaşsyzlyk senasy, agyr günlerde türk halkynyň agzybirligi üçin uly ähmiýete eýe boldy. Garaşsyzlyk senasy 1921-nji ýylyň 12-nji martynda döwlet senasy hökmünde kabul edildi.
Şahyr Mehmet Akif Ersoý 1873-nji ýylda Stambulda dünýä inýär. Ol heniz ýaşka kakasyndan jyda düşmegi bilen emele gelen maliýe kynçylyklary sebäpli syýasy bilimler boýunça hünärmenleri taýýarlaýan okuw mekdebini taşlamaly bolýar we weterinar hünärmentçilik mekdebine girip, ony üstünlikli tamamlaýar.
Ol birnäçe ýyllap (1893-1913) Oba hojalyk ministrligine degişli edaralaryň birinde mal lukmany bolup işleýär we ýurduň welaýatlarynda ýokanç kesellere garşy göreşlere gatnaşýar. Ol mümkinçiligine görä, Stambul uniwersitetinde we oba hojalyk mekdebinde sapak berýär. Mehmet Akif 1920-nji ýylda ýurduň Parlamentiniň deputatlygyna saýlanýar. Ol arap, pars we fransuz dillerinde erkin gürläp bilipdir.
Ol 1921-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkiýäniň Garaşsyzlyk senasyny ýazýar we bu sena şol ýylyň 12-nji martynda ýurduň Parlamenti tarapyndan tassyklanýar. Ol 1926-njy ýylda ýurdundan gidýär we Müsüriň döwlet uniwersitetinde sapak berýär. Ol şol döwürde şahyrana terjimeler bilen meşgullanyp başlaýar. Ýöne saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşyp başlamagy bilen Mehmet Akif 1936-njy ýylda öz watanyna – Stambula gaýdyp gelýär. Ol şol ýylyň 27-nji dekabrynda aradan çykýar. Onuň şygryýetinde XX asyryň başlaryndaky Türkiýäniň sosial we syýasy meseleleri beýan edilýär. Ol Türkiýäniň Döwlet senasynyň awtory hökmünde Milli şahyr diýen ada eýe bolýar.
Onuň şahyrana eserleri «Safahat» (1911), «Süleýmaniýe kürsüsinde» (1912), «Hakykatyň sesleri» (1913), «Fatih kürsüsinde» (1914), «Ýatlamalar» (1917), «Asym» (1924) «Saýalar» (1913) ýaly ýygyndylarynda jemlenýär.