Norwegiýada sanjym alan adamlaryň deňiz syýahatyny amala aşyrylmagy ýola goýlar. Uly göwrümli 17 sany gämi halkara deňizlere syýahaty amala aşyrar. Tomusky syýahatçylyk möwsümine taýýar edilen gämilere koronawirus sanjymy alandygy baradaky degişli rugsatnamasy bolanlar kabul ediler. Gämi syýahatynyň ilkinji duralgasy grek adalary bolar. Dünýäniň dürli ýerlerine gämili syýahaty amala aşyrýan Norweg Kreýser Liniýasy (NCL) koronawirus sanjymy alanlaryň bu syýahata gatnaşyp biljekdiklerini aýtdy. Geçen ýyl ulanylmadyk gämiler ýörite howalandyryjy ulgamlar bilen üpjün edildi. Şeýlelikde 17 gämili flot 2021-nji ýylyň tomusky möwsümine taýýar edildi.

Geçen ýyl dünýäde emele gelen ýagdaýlar syýahatçylyk pudagyndaky girdejiler 74 göterim pese gaçdy.