Merjen şäherimiz Aşgabat – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagt şäheri, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni merkezidir. Tehnologik ösüşiň we innowasiýalaryň jemlenen paýtagty, şeýle hem häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň biridir.
“Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda 140 ýyllygy bellenilýän Aşgabady ösdürmek, täze desgalaryň gurluşygyny we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde saklanylýar.
Aşgabadyň özboluşly desgalary, dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň merjen şäherinde amala aşyrylýan özgertmeleriň tutuş dünýä üçin nusga alarlyk mysalydyr.
Biziň agzybir türkmen halkymyz şu ýyl şanly senäni – Aşgabadyň 140 ýyllygyny çäreleriň meýilnamasynda “Ak şäherim Aşgabat” monumentinde toý dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabady ösdürmek – dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin ähli amatlyklary bolan şäherleriniň birine öwürmek boýunça konsepsiýasynyň yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şäheriň ilatynyň sanynyň artmagy, soňky ýyllarda ýurdumyzyň paýtagtynyň çäkleriniň has-da giňeldilmegine getirdi. Bu bolsa Aşgabadymyzy dünýä derejesindäki iri şäherleriň birine öwürdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Merjen şäherimiz – Aşgabadyň” gününde, ýagny 25-nji maýda ilkinji bolup dünýä inen oglanjyga Paýtagt ýa-da Aşgabat adynyň dakylmagynyň, eger gyzjagaz dünýä inse, Merjen ýa-da Maýa adynyň dakylmagynyň şanly senä goýulýan hormaty aňlatjakdygyny bellemegi, milli Liderimiz täze doglan çagalara sowgatlaryň gowşurylmagynyň, olaryň maşgalalary üçin ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berjekdigini bellemegi we hödürlenen Karara gol çekmegi biziň türkmen halkymyz üçin guwandyryjydyr.
Diýmek, Garaşsyz Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň köp derejede tutuş ýurdumyzyň abraýyny kesgitleýändigini bellemek hökmanydyr. 140 ýyllygyny belleýän paýtagtymyz Aşgabadyň halkara jemgyýetçiligiň ählumumy ösüşiniň we abadançylygyň bähbidine parahatçylygy, durnuklylygy hem-de rowaçlygy üpjün etmäge gönükdirilen tagallalaryna mynasyp goşant goşýar.
Aýna Meläýewa, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.