UEFA Çempionlar ligasynda mundan bir hepde ozal öz meýdançasynda Borussiýa Dortmundy 2-1 hasabynda ýeňen “Mançester Siti” Germaniýada hem şol hasap bilen ýeňiş gazandy. Çekeleşikli geçen oýunda ilki bilen ýer eýeleri öňe saýlandy. 15-nji minutda Jýud Bellingam owadan urgy bilen nemes klubuny öňe çykardy. Ol 17 ýaş 289 gün bilen Çempionlar ligasynyň taryhynda utulan-çykdy tapgyrynda gol geçiren iň ýaş ikinji oýunçy boldy (Boýan Krkiç – 17 ýaş 217 gün). Oýnuň birinji ýarymy şol hasapda tamamlandy. Ikinji ýarymda myhmanlar artykmaçlyk görkezip, 55-nji minutda eminiň bellän penalti urgusyny dürs ýerine ýetiren Riýad Mahrez hasaby deňledi. Bu goldan 20 minut soň, 75-nji minutda Fil Foden batly urgy bilen topy derwezä girizip, toparyna myhmançylykda-da ýeňiş getirdi. Ol birinji oýunda-da 90-njy minutda tapawutlanypdy. Şeýlelikde, iki oýnuň netijesi boýunça 4-2 öňe saýlanan Mançester Siti taryhynda 2-nji, Pep Guardiolanyň tälimçiliginde 1-nji gezek ýarym finala adyny ýazdyrdy. 8-nji gezek ýaryma çykan Guardiola iň köp ýarym finala çykan tälimçi Žoze Mourinionyň rekordy bilen deňleşdi. Ol bu ugurda Ferguson hem-çe Ançelottiden öňe saýlandy.

“Mançester Siti” 27-28-nji aprelde hem-de 4-5-nji maýda oýnaljak ýarym finalda PSŽ bilen duşuşar.