Ýa­kyn­da BMG-niň gu­ra­ma­la­ry de­ňiz ga­lyn­dy­la­ry­na gar­şy gö­reş­mek we dün­ýä um­man­la­ry­ny aras­sa­la­mak üçin tä­ze baş­lan­gyç yg­lan et­di. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Azyk we Oba ho­ja­ly­gy gu­ra­ma­sy (FAO), Hal­ka­ra de­ňiz gu­ra­ma­sy (IMO) we 30 ýurt özü­niň «Glo­Lit­ter» at­ly giň ge­rim­li tä­ze baş­lan­gy­jy bi­len de­ňiz zir-zi­bil­le­ri­ne gar­şy gö­reş­de we dün­ýä um­ma­ny­nyň aras­sa­lan­ma­gy­nda aý­ra­tyn go­şant go­şar di­ýlip umyt ed­il­ýär. «Glo­Lit­ter» tas­la­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de de­ňiz gat­na­wy we ba­lyk­çy­lyk pu­da­gyn­da plas­ti­ka­nyň ula­ny­ly­şy­ny azalt­ma­ga esa­sy üns gö­nük­di­ril­ýär. Plast­mas­sa önüm­le­ri­ni gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar hem or­naş­dy­ry­lar.
Tä­ze tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de ýurt­la­ryň port­la­ryn­da zir-zi­bil­le­ri ýyg­na­ýan des­ga­la­ryň ýe­ter­lik­di­gi bar­la­ny­lar. Mun­dan baş­ga-da, gä­mi we ba­lyk­çy­lyk pu­da­gyn­da iş­le­ýän­ler üçin aň-bi­lim çä­re­le­ri ge­çi­ri­ler. Ba­lyk tu­tu­jy en­jam­lar deň­ze taş­la­nan ha­la­tyn­da onuň de­giş­li kär­ha­na­sy­nyň anyk­lan­ma­gy üçin çä­re­ler me­ýil­leş­di­ril­ýär. Her ýyl 300 mil­li­on ton­na plas­tik ga­lyn­dy­lar der­ýa­la­ra we um­man­la­ra taş­lan­ýar. Şo­lar ze­rar­ly um­man­lar­da­ky ba­lyk­laryň, gu­ry ýer­dä­ki guş­laryň we haý­wan­laryň sany azalýar.
Hä­zir­ki wagt­da ös­ýän ýurt­la­ryň kö­pü­si­niň ke­nar ýa­ka­la­ry plas­tik çüý­şe­ler­den, ba­lyk­çy­lyk en­jam­la­ryn­dan we plas­tik gap­la­ryň dür­li gör­nüş­le­rin­den do­ly. Pan­de­mi­ýa döw­rün­de bu zi­bil­le­riň üs­tü­ni bir ge­zek ula­nyl­ýan agyz-bu­run ör­tük­le­ri we el­lik­ler dol­dur­dy.
– Plas­tik ga­lyn­dy­lar de­ňiz gur­şa­wy­na we ada­myň sag­ly­gy­na düýp­li zy­ýan ýe­tir­ýär. Bu baş­lan­gyç, şu me­se­lä­ni çöz­mek­de mö­hüm ädim­dir we oňa bag­ly adam­la­ra gir­de­ji ekoul­ga­my­ny go­ra­ma­ga kö­mek eder – di­ýip, FAO-nyň ba­lyk ho­ja­ly­gy bö­lü­mi­niň mü­di­ri Ma­nu­el Ba­ran­ge mä­lim et­di.
Hal­ka­ra de­ňiz gu­ra­ma­sy­nyň met­bu­gat sek­re­ta­ry Ho­se Ma­teý­kal hem gys­sag­ly çä­re­ler gö­rül­me­se, um­man­la­rda­ky we de­ňiz­ler­dä­ki zir-zi­bil­le­riň has kö­pel­jek­di­gi­ni aýd­ýar.
– De­ňiz­dä­ki zyňyndy­la­r um­man­la­ryň we tu­tuş pla­ne­ta­nyň me­se­le­si­dir. 30-dan gow­rak ýur­duň bu baş­lan­gy­ja go­şu­lan­dy­gy­na be­gen­ýä­rin – di­ýip, Ho­se Ma­teý­kal bel­le­di.