Meşhur alym, Müsüriň öňki arheologiýa ministri Zahi Hawassyň ýolbaşçylygyndaky Müsüriň arheologik topary Lýuksoryň golaýyndaky Nil derýasynyň günbatar kenaryndaky çägelerde ýitirilen Altyn şäheri – iň uly gadymy oturymly ýeri ýüze çykardy. Bu barada ýurduň Syýahatçylyk ministrligi habar berdi. Şäher Amenhotep III döwründe – biziň eýýamymyzdan öň, 1391-nji ýyldan 1353-nji ýyla çenli höküm süren XVIII neberäniň dokuzynjy faraonynyň döwründe gurlupdyr. Altyn şäher faraonlar Amenhotep IV (Ehnaton), Tutanhamon we onuň oruntutary faraon Eýe döwründe belli bolup, öz döwrüniň iň uly dolandyryş we ykdysady merkezi hasaplanýar.
– Daşary ýurtlaryň arheologik toparlarynyň köpüsi bu şäheriň gözleginde bolupdylar – diýip, Hawass aýtdy.
Baltimorda (ABŞ) Jon Hopkins uniwersitetiniň Müsüri öwrenmek boýunça professory Betsi Braýanyň pikiriçe, ýitirilen şäheriň tapylmagy Tutanhamonyň aramgähinden soň ikinji uly arheologik açyşdyr. Täze ýüze çykarylan şäher Nil derýasynyň günbatar kenaryndaky imperiýanyň gülläp ösen döwründe gadymy müsürlileriň durmuşynyň dürli taraplaryny açyp görkezýär.
Betsi Braýanyň pikiriçe, bu açyş başga bir syry – Ehnatonyň we aýaly Nefertitiniň näme üçin Amarna sebitine göçmegi saýlandyklaryny anyklamaga mümkinçilik berer. Müsürli arheologlar 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda Tutanhamonyň ybadathanasyny tapmak umydy bilen Medinat-Abu şäherindäki Ramses III we Amenhotep III ybadathanalarynyň arasynda gazuw-agtaryş işlerine başladylar we gazuw-agtaryş işleriniň ilkinji hepdelerinde köp sanly kerpiç böleklerini ýüze çykardylar. Toýun gap-gaçlardaky ieroglif ýazgylar tapyndylaryň senesini anyklamaga kömek etdi. Senesini anyklamaga gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän ýerindäki beýleki açyşlar – halkalar, heýkeller, reňkli toýundan ýasalan önümler we Amenhotep III möhürleri bilen daşdan ýasalan önümler ýardam berdi. Şäheriň çäginde, taryhy subutnamalara görä, Amenhotepiň üç köşgi, dolandyryş we senagat merkezleri bolmaly. Ýedi aýlap geçirilen gazuw-agtaryş işlerinden soň, topar köp sanly desgalary ýüze çykardy.