“Bellator 257” ady bilen geçiriljek MMA tutluşygynda türkmenistanly Döwletjan Ýagşymyradow hem duşuşyk geçirer. Ildeşimiz amerikaly Kori Anderson bilen tutluşar. Ýarym agyr agram derejesi boýunça Dünýä Gran Pri ýaryşynyň çärýek finalynyň çäklerinde geçiriljek tutluşyk ABŞ-nyň Konnektikut ştatynyň Ankaswill şäherindäki “Mohegan Sun Arena”-da geçiriler. Ýaryşyň esasy kard bölümindäki bu duşuşyklaryň 17-nji aprelde, has takygy, şenbe güni irden Aşgabat wagty bilen 06:00-da başlamagyna garaşylýar. Duşuşykda ýeňiş gazanan türgen bäsleşigiň ýarym finalynda amerikaly Raýan Baber bilen finala çykmak ugrunda güýç synanyşar.

31 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow mundan ozal ACA-nyň düzüminde çykyş edipdi. Ol şu wagta çenli 24 duşuşyk geçirip, şolarda 18 gezek ýeňiş gazandy. Bir duşuşygy deňlikde tamamlanan ildeşimiz 5 gezek hem ýeňlişe sezewar boldy. 31 ýaşly Anderson geçiren 19 duşuşygynyň 14-sinde ýeňiş gazanyp, 5-sinde garşydaşlaryndan asgyn geldi.

Tutluşygy GDA-nyň çäklerinde “Okko sport” internet teleýaýlymy ýaýlyma berer.