Marsda ilkinji dikuçar uçuryldy

69

NASA “Ingenuity” pilotsyz dikuçaryny ilkinji gezek Marsa uçurdy. Enjam 30 sekunt uçup, üç metr beýiklige çykdy. Fewral aýynda “Perseverance Rover” bilen bilelikde Marsa iberilen dikuçaryň ilki 8-nji aprelde uçurylmagy meýilleşdirilýärdi. Marsda atmosferanyň dykyzlygy pesdigi üçin dikuçaryň motory has çalt aýlanmaly bolýar. “Ingenuity”-iň meýilleşdirilen belentlige çykyp, howada öwrülip, ​​dört aýagynyň üstüne ýumşak ýere gonandygy hasaba alyndy. Şeýlelikde kiçijik dikuçar görnüşli enjam Ýerden başga planetada uçan ilkinji enjam boldy. Geljekde “Ingenuity” ýene-de birnäçe uçuşlary amala aşyrar. Enjam dikuçar belentlikden Gyzyl planetany surata düşürer.

Didargeldi Orazow,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.