Fransiýanyň Kubogy ýaryşynda çärýek finalda garaşylmadyk waka boldy. Professional däl klub bolan “Rumii-Wallie” telim gezek “Ligue 1”-de çykyş eden we häzirki wagtda “Ligue 2”-de bolan “Tuluza” toparyndan üstün çykdy. 4-nji liganyň (National 2) wekiline ýeňiş getiren gollary 19-njy minutda Žuillo hem-de 83-nji minutda Ruoa (öz derwezesinden) geçirdi. Çärýek finalyň beýleki bir oýnunda 4-nji liganyň başga bir topary “Kane Russillon” öz meýdançasynda “Monpelieden” 2-1 utuldy. Şu günki “Lion”–“Monako”, PSŽ–“Anže” duşuşyklaryndan soň ýarym finalçylar belli bolar.