Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da paýtagt Rimiň klublaryny durzup bolanok. 9-njy tapgyryň çäklerinde “Lasio” myhmançylykda “Sassuolony” 6-2 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk wakalara baý bolup, “lasiolylar” 6 goluň üstüne 2 penaltini hem dürs urup bilmediler. Şol bir wagtyň özünde-de “Sassuolodan” 1 oýunçy gyzyl kart alyp, olar soňky 60 minudy kem oýnamaly boldular. Myhmanlaryň doly artykmaçlygynda geçen oýunda “Lasionyň” gollaryny 2-nji minutda Teýlor, 13-nji minutda Isaksen, 16-njy minutda Mussolini, 45+1-nji minutda Zakkanýi hem-de 55-nji we 65-nji minutlarda Noslin geçirdi. Ýer eýeleriniň gollaryny 7-nji minutda Torstwedt bilen 43-nji minutda Espozito geçirip, birinji goluň awtory 31-nji minutda gyzyl kart aldy. Jennaro Gattuzonyň tälim berýän “Lasio” toparynda 50-nji minutda Zakkanýi, 61-nji minutda-da Fratteziniň urgularyny derwezeçi Stefano Turati saklamagy başardy. 9 oýunda 8 ýeňiş, 1 deňlik alan “Lasionyň” bu görkezijileri klubuň taryhyndaky iň şowly başlangyç hökmünde hasaba alyndy.
PDF








