Hytaý arheologlary tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde 2 müň ýyl mundan ozal Han imperiýasynyň döwründe öndürilen 80-den gowrak bürünç aýna tapyldy. Bu barada «Sinhua» habarlar gullugy habar berdi. Gazuw-agtaryş işleri Şensi welaýatynyň Gaoçžuan obasynda geçirildi. Ilkinji gezek ýüze çykarylan aýnalaryň ululygy 7-22 sm aralygynda bolup, olar özüniň şöhlelenme ukybyny ýitirmändirler. Şeýle hem, aýnalarda gadymy ieroglifler saklanyp galypdyr.