Beýik Britaniýanyň Merkezi banky hem-de gaznasy sanly pul ulgamyny döretmek mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýar. Bu barada berilýän habarlarda raýatlar we kärhanalar tarapyndan sanly walýutanyň (sanly funt) mümkinçiligini utgaşdyrmak üçin iş toparynyň döredilendigi mälim edildi. Sanly pul eksport etmek mümkinçiliginiň göz öňünde tutulmaýandygy, sanly pul ulgamyny işe goýbermezden ozal gyzyklanýan taraplar bilen töwekgelçilikler we peýdalar barada pikir alşyljakdygy habar berildi. Ýurtda bolup biläýjek sanly pullaryň nagt we bank goýumlarynyň ornuny tutman, aýratyn aktiw boljakdygy bellenildi. Halkara hasaplaşyk bankynyň (BIS) hasabatyna görä, dünýäde azyndan 52 ýurt öz sanly walýutasyny ösdürmek üçin işleýär.
Ahat NURÝAGDYÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.