Russiýanyň awiakompaniýalary 2021-nji ýylda 90-dan gowrak uçar satyn alar. «S7» kompaniýasy 9 sany «Airbus A320/321neo» uçaryny satyn almagy meýilleşdirýär. «Ural» 3 sany «Airbus A321neo», 2 sany «Airbus A320» we 2 sany «Boeing 737-800» uçarlaryny satyn alar. «Smartavia» kompaniýasy aprel aýynda «Airbus A320neo» uçarynyň birini satyn aldy. Kompaniýa şol uçardan ýene-de ikisini iýun aýynda kabul eder. «Utair» kompaniýasy bolsa özüniň uçar flotunyň düzümini «Boeing 737» uçary bilen ýetirdi. «Aeroflot» kompaniýasy bolsa 3 sany «Airbus A350», 1 «Boeing 777» we 9 sany «Airbus A320/321neo» uçarlaryny satyn alar. Russiýanyň senagat we söwda ministri Denis Manturow 2021-nji ýylda rus awiakompaniýalarynyň «Superjet 100» kysymly uçarlaryň 37-sini satyn aljakdygyny mälim etdi.
Baýrammuhammet HANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.