Bu so­wa­lyň jo­ga­by hem­me­le­ri gy­zyk­lan­dyr­sa ge­rek. Onuň tiz­li­gi­ne we­lo­si­ped bi­len ýet­ip bo­lar­my? Ýag­şyň or­ta­ça tiz­li­gi se­kunt­da 10 met­re ba­ra­bar. Ýa­gyş dam­ja­la­ry­nyň düş­me­gi­niň tiz­li­gi ola­ryň ulu­ly­gy­na we ag­ra­my­na, bu­lut­la­ryň be­ýik­li­gi­ne, ýe­liň tiz­li­gi­ne we ug­ru­na, at­mos­fe­ra ba­sy­şy­na bag­ly­dyr. Ow­nuk dam­ja­lar 1 m/s tiz­lik bi­len dü­şüp bi­ler, ýo­kar­lan­ýan ho­wa akym­la­ry bol­sa ola­ryň tiz­li­gi­ni pe­seld­ýär. Adat­ça, dam­ja­nyň ulu­ly­gy 5-6 mm-e ýet­ýär. Şeý­le ýa­gyş 9-10 m/s tiz­lik bi­len ýa-da sa­gat­da 30-35 km tiz­lik bi­len düş­ýär, bu bol­sa we­lo­si­pe­diň, elekt­rik sku­te­ri­niň ýa-da atyň or­ta­ça tiz­li­gi­ne la­ýyk gel­ýär.

Döw­let­ýar AL­LO­WOW,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.