Ahalteke atlarynyň şöhratyny gorap saklamak we artdyrmak işinde bahasyna ýetip bolmajak işler hormatly Prezidentimize degişlidir. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyz atşynaslygyň halkara merkezine öwrülýär, behişdi bedewlerimiz we ussat çapyksuwarlarymyz bolsa daşary ýurtlarda geçirilýän iri bäsleşikleriň, abraýly atçylyk sport ýaryşlarynyň hem-de at çapyşyklarynyň ýeňijileri bolýarlar.
Döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek hem-de behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça häzirki wagtda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda atçylyk sportunyň ösdürilmegi hem-de tohumçylyk-seçgiçilik işi boýunça halkara gatnaşyklary giňden ýola goýulýar. Bu babatda 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ähmiýeti örän uludyr. Geçen ýyllarda beýleki ýurtlaryň atşynaslary bilen gatnaşyklar esasynda bütin dünýäde ahalteke atlaryna bolan gyzyklanma has-da artýar.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi bilen atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary has-da berkeýär. Her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisleri geçirilýär. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygy ýaly esasy baýramçylyklaryň bellenýän ýylynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi geçirildi. Bu assosiasiýa tarapyndan arassa ganly ahalteke atlarynyň baş sanyny artdyrmak, dünýädäki şan-şöhratyny ýokarlandyrmak, atşynaslyk sungatyny we atly sporty halkara derejede ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine şu ýyl on bir ýyl dolýar. Şu döwrüň içinde gurama ýurdumyzdan we dünýäniň 36 döwletinden 191 sany ýuridik we fiziki şahs agza bolup durýar. Geçen döwürde assosiasiýanyň agzalarynyň alyp baran işleriniň netijesinde, ahalteke bedewleriniň we olaryň muşdaklarynyň sany artdy.
Hormatly Prezidentimiz – Atçylygyň gadymy mekany bolan güneşli Diýarymyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewleriň gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek, tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny artdyrmak häzirki döwürde biziň esasy wezipelerimiziň biridir– diýip belleýär. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň alyp barýan işlerini hemişe üns merkezinde saklaýar.
Häzirki wagtda türkmen atşynaslary milli seýisçilik sungatyny has-da kämilleşdirmek, ahalteke atçylygyny halkara derejede ösdürmek boýunça giň möçberli işleri alyp barýarlar. Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň daşary ýurtlardaky agzalary tarapyndan hem ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny ýokarlandyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Assosiasiýanyň agzalary döredýän atçylyk hojalyklarynda ahalteke atçylygyny ösdürmek, olary köpeltmek boýunça işleri alyp barýarlar.
Halkymyzyň ýelden ýüwrük bedewleriniň şan-şöhratyny dikeltmekde, dünýä ýaýmakda, atly sporty we atçylyk pudagyny ösdürmekde, ahalteke atlarynyň tohumçylyk işini, olaryň syna owadanlygyny kämilleşdirmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizde atçylyk sungatyna bolan höwesi döretmekde, atlary seýislemekde bitiren aýratyn uly hyzmatlary, şeýle hem «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň towakganamasy we giň halk köpçüliginiň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulyp, milli Liderimize «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly adyň dakylmagy hem Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalarynda uly buýsanç duýgularyny döretdi.
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary tarapyndan bu assosiasiýanyň Prezidentligine Serdar Berdimuhamedowyň saýlanylmagy bilen bu guramanyň işiniň döwrebap derejede ösdürilmegine uly itergi beriljekdigini bellemek bolar.
Umuman, ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiz ýurdumyzda geçirilýän ähli umumymilli dabaralaryň baş bezegine öwrüldi. Ýurdumyz tarapyndan häzirki wagtda ahalteke atlaryny seýislemek sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler hem alnyp barylýar. Ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak barada atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Gurbanmyrat DÖWLETOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.