“SpaceX”-iň “Falcon 9” raketasy arkaly ABŞ-nyň 4 astronawt kosmosa uçuryldy. “Crew Dragon” kosmos gämisiniň bortunda uçurylan astronawtlar Halkara kosmos bekedinde 6 aýlap dürli ylmy barlaglary geçirerler. Iki amerikan, bir fransuz we bir ýapon astronawt Florida ştatyndaky Keýp Kanaweral burnundaky Kennedi adyndaky kosmodromdan uçuryldy. Fransiýaly Toma Piske, ýaponiýaly Akihiko Hoside we amerikaly Şeýn Kimbro hem-de Ketrin Megan MakArtur (zenan) alty aýlap halkara kosmos bekedinde bolar.

Soňky on ýyl töweregi wagt bäri astronawtlar Ýeriň orbitasyndaky ýeke-tak adamly stansiýa bolan Halkara kosmos bekedine diňe Russiýanyň “Soýuz” raketalary arkaly Gazagystandaky Baýkonur kosmodromyndan uçurylýardy. Soňky ýyllarda ABŞ hususy kompaniýalaryň kosmos pudagynda işlemegine mümkinçilik döretdi. Bu bolsa, kosmosa amala aşyrylýan uçuşlaryň bahasynyň ep-esli arzanlamagyna getirdi. “SpaceX” kompaniýasy göteriji raketalary we kosmos gämilerini deňizüsti platforma gonduryp, olary gaýtadan ulanýar. Şeýlelikde onuň bahasy görnetin arzanlaýar. Adatça, kosmos iberilýän raketalar, kosmos gämileri we dürli enjamlar diňe bir gezek ulanylýar. “SpaceX” mundan ozal hem kosmosa bir gezek synag möhleti bilen, bir gezegem adaty missiýalaryny ýerine ýetirmäge barýan astronawtlary kosmosa iberipdi.