Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

23-nji aprelde Türkmenistanyň Baş drama teatrynda “Aýy” atly sahna oýnunyň ilkinji gezek köpçülige görkezilişi boldy. Belli rus ýazyjysy Anton Çehowyň pýesasy esasynda goýlan bu sahna oýny Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowanyň režissýorlygynda sahnalaşdyryldy. Ýurdumyzyň sungat işgärleri, teatr muşdaklary, halk köpçüligi we ýaşlar täze spektaklyň tomaşaçylary boldular.

Baş keşpleri teatryň ussat artistleri Şemşat Kasymowa (Ýelena Popowa) we Azat Didarow (Grigoriý Smirnow) ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldular. Oýny goýan režissýoruň bellemegine görä, aktýorlar öz pikirlenen keşplerini ussatlarça janlandyrdylar. Oýnuň saz bezegini Abdyazym Rejepow, yşyk bezegini Röwşen Mätiýew ýerine ýetiripdir. Dizaýnerler Güljemal Saparowa bilen Merjen Çaryýewa sahnanyň bezeg işlerinde yhlasyny gaýgyrmandyr.

Spektaklyň meýilnamasyna görä, mülkdar Ýelena Popowa 7 aý bäri adamsynyň ölümine gynanyp, öýünden hiç ýaňa çykman hasrat çekýär. Ol her gün adamsynyň portreti bilen gürleşýär. Garry pyýada Luka Popowany köşeşdirip,  göwnüni açmaga çalyşýar. Garaşylmadyk ýagdaýda goňşy mülkdar, artilleriýanyň otstawkadaky leýtenanty – gönümel, dünýewi adam Grigory Stepanowiç Smirnow dul zenan Ýelene Iwanowna Popowanyň ýanyna merhum adamsynyň bergisiniň gyssagly üzülmegini talap edip gelýär. Smirnow şo pula gaty zerurlygy bolansoň, aňyrdan gelşine puluny almak isleginde näçe tutanýerli bolsa-da, Ýelena Iwanowna oňa hiç zat bermän berk gaýtawul berýär. Sahna oýnunyň dowamynda algy-bergi meselesinde iki gahrymanyň arasyndaky gapma-garşylyklar barha artyp, olaryň kelleleri şeýle bir gyzýar welin häziriň özünde hemme zat bulaşar öýdýärsiň. Grigori Stepanowiçiň gahar-gazabynyň ýetjek derejesine ýeten wagty bu zenanyň näderejede özüne çekijidigini, nähili owadandygyny,  hat-da onuň ýaňagynda enaýyja çukurjygyň hem bardygyny görüp, oňa “mekdep okuwçysy” ýaly aşyk bolýar. Ýelene Iwanowna bolsa, ony ne kowup bilýär ne-de onuň galmagyny isleýär, ýöne soňlugy bilen emele gelen ýagdaýa garşy durup bilmän, şol gödek, “aýynyň” gujagyna dolýar.

Gülälek Akmyradowanyň täze sahnalaşdyran oýny janlylygy we täzelikçiligi bilen tapawutlanýar. Şol bir wagtyň özünde, režissýor eseriň ideýasyny we ruhuny gorap, rus ýazyjysy Anton Çehowa uly hormat goýýar. Muny onuň Ýelena Iwanownanyň ýogalan ýanýoldaşy hökmünde Anton Çehowyň portretini saýlamagy hem doly şaýatlyk edýär. Sahna bezegi gahrymanlaryň duýgularyny has aýdyň ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär. Olaryň manyly gülüşi we manyly gaharlanyşy tomaşaçylary biparh goýmaýar. Baş gahrymanlaryň söz urşy kä gynanja, käte gahar-gazaba, käte-de ejizlige öwrülmegi tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna sebäp boldy. Sahna oýnunyň dowamyndaky dartgynly wakalar çynlakaýlygy bilen tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.

Bu sahna eseri biziň teatr durmuşymyzy şübhesiz baýlaşdyrýan ajaýyp premýera diýip aýtsak, hakykatdan daş düşdügimiz bolmasa gerek. Çünki bu sahna oýny dramadan başlap, dürli žanrlaryň birleşmesini öz içine alýar.  Artistler sahnada nähili ylalaşykly hereket etmegiň, gahrymanlaryň duýgularynda ýaşamagyň, degişmeli we gülkünç pursatlary kämil derejede ýüze çykarmagyň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Anton Pawlowiçiň bu degişme pýesasy režissýordyr artistleriň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmak, çeper usullaryň gerimini has-da giňeltmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Sahna oýnuna tomaşa edeniňden soň, kimdir biri kalbyň jümmüşinde gizlenen tarlary kakýan ýaly mylaýym duýgulara gaplananyňy duýman galýarsyň.

Anton Çehow 1888-nji ýylda “Aýy” atly bu pýesasyny bir aktda ýazyp, teatr muşdaklarynyň şeýle žanra bolan gyzyklanmasyny artdyrdy. XXI asyrda bu spektakla ýüzlenen režissýorlaryň ony gaýtadan işläp, täzeçe öwüşginler bilen baýlaşdyrmagy olara üstünlik getirdi. Aňly-düşünjeli her bir tomaşaçy bu sahna oýnundan özüne gerek köp zatlary alyp biler. Pýesada Smirnowyň Ýelenanyň ýanýoldaşyna kybapdaş adam bolup çykmagynyň özi hem geň galdyrýar. Pýesada durmuşyň aýlawly öwrümleri ýüze çykyp, ony has-da gyzykly edýär. Baş gahrymanlar adatça, durmuş tejribesi baý we ýüreklerinde gopýan harasatlaryny gizlemäge ukyply adamlar hökmünde görkezilýär, ýöne bu pýesada ähli zat başgaça bolup, gahrymanlar duýgularyny has aýdyň beýan edip, tomaşaçylary has-da özüne çekýärler. Sahna oýnunyň bütin dowamynda duýgularyň we pikirleriň tutuş tupanyny duýup bolýar. Bu bolsa, Çehowyň eserleriniň ählisiniň manylydygyny tassyklaýar.

Artist Azat Didarow Smirnowyň keşbini birkemsiz janlandyrýar. Onuň özüni alyp barşy sahna oýnunyň iň gyzykly taraplarynyň biridir. “Aýy” düşnükliligi, şadyýanlygy, gülküliligi, gödekligi üçin tomaşaçylar özüne bendi edýär. Režissýor gahrymanlaryň içki dartgynlygyndan başlap, adaty hereketlerine çenli doly janlandyrmagyň hötdesinden gelipdir.

“Aýy” sahna oýny ilkinji gezek 1888-nji ýylda Moskwanyň F. A. Korş adyndaky rus drama teatrynda goýlup, soňra bu spektakl dünýäniň ähli teatrlaryna ýaýrap ugraýar. Bu üstünlik Çehowyň maliýe ýagdaýyny ep-esli gowulandyrýar.

– Çehowyň bu meşhur drama eseri esasynda spektakl döretmek hakynda köpden bäri arzuw edip ýördim. Bu  sahna oýnunda erkek kişi bilen zenanyň arasyndaky özara gatnaşyk ýüze çykarylyp, çuňňur meseleler orta atylýar. Sahna oýnunda durmuşyň garaşylmadyk wakalardan doludygy ýüze çykýar. Pikir edip görüň, gahrymanlaryň biri karz beren puluny almaga gelýär, ýöne ykbalyň emri bilen hemme zat bütinleý başga tarapa özgerip gidýär. Bu oýun teatr hünärmenleri üçinem, ýönekeý tomaşaçylar üçinem gyzykly bolar diýip umyt edýärin. Muňa zenanlaryň gapma-garşylykly dünýäsi hakda kyssa diýsegem bolar. Sahna oýny zenanyň ýok diýende, ýok diýdigi däldigini, bor diýende hem bor diýdigi däldigini mese-mälim ýüze çykarýar. Eýsem, onuň “boruny we ýoguny” nädip bilmeli. Spektaklyň dowamynda bu syr has-da artyp, onuň jogabyny tapmak tomaşaçylaryň özüne galdyrylýar. Hiç haçan könelmeýän söýgi mowzugy häzirki sahna oýnunyň içinden eriş-argaç bolup geçýär – diýip, sahnany goýan režissýor Gülälek Akmyradowa belledi.

”Aýy” özüniň geň-taň sýužeti, janlylygy we gülkünç keşpleri, üýtgeşikligi, aýdyň gepleşikleri, garaşylmadyk netije bilen tamamlanýanlygy üçin dünýäniň köp ýurtlarynyň iň söýgüli sahna eserleriniň birine öwrüldi. Spektakly sahnalaşdyrmak üçin Durdy Saparowyň terjimesi saýlanyp alyndy. Onuň terjime eden bu pýesasy 1976-njy ýylda radioda ýaýlyma berlip, terjimäniň takyklygynyň üstünde režissýoryň özi işledi. Täze sahna oýnunda eseriň asyl manysy saklanyp, türkmen diline mahsus bolan täze öwüşginler bilen baýlaşdyryldy.

Ýegenmämmet Taýlyýew.  

“Zaman-Türkmenistan”.