Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

Kino sungatynyň iň uly sylagy bolan Oskaryň 93-nji gowşurylyş dabarasy ýekşenbe (25-nji aprelden) gününden duşenbe gününe (26-njy aprele) geçilýän gije geçiriler. Bassyr 3-nji gezek alypbaryjysyz geçiriljek dabara 2 ýerde Los Anjelesdäki Oskaryň hemişeki mekany Dolby teatrynda hem-de şäherdäki otly menzilinde geçiriler. “Mank” film 10 ugurda heýkeljiklere dalaşgär görkezilipdi. Baş baýrak ugrundaky göreşde hytaýly zenan režissýoryň surata düşüren “Çarwadarlaryň mekany” (Nomadaland) filminiň öňe saýlanmagyna garaşylýar. Ýekşenbe güni ýarygijeden soň gyzyl halydan geçişlik bilen başlanjak dabaranyň Aşgabat wagty bilen 04:00-da başlanmagyna garaşylýar. Dabara Hollywood-yň meşhur artistleri hem-de az sanly tomaşaçy gatnaşar.