Golaýda Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň umumy ýygnagy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda öndürilýän önümlere çyzykly şertli belgileriň goýulmagyny girizmek hakynda» Kararyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasy ýurdumyzda GS1 ulgamynyň işini dolandyrmaga ygtyýarlandyrylan ýeke-täk gurama bolup durýar. Häzirki wagtda onuň agzalarynyň sany 1741-e ýetdi. Bu gurama Halkara GS1 guramasynyň talaplaryny üstünlikli ýerine ýetirip, gysga wagtyň içinde ygtybarly we abraýly hyzmatdaş hökmünde halkara derejede ykrar edildi. Ol 111 döwletiň GS1 milli guramalarynyň biragyzdan ses bermegi bilen, Halkara GS1 guramasynyň agzasy boldy hem-de «GS1 Türkmenistan» brendine ygtyýarlyk aldy. «GS1 Türkmenistan» guramasy GS1 ulgamynda innowasiýa taýdan öňdebaryjy milli agza hökmünde ykrar edilip, GS1 Ýewropa Sebitleýin bileleşiginiň Portugaliýada geçirilen Global forumynda Ýewropanyň milli guramalarynyň 47-siniň biragyzdan ses bermegi bilen, öňdebaryjy GS1 Ýewropa Sebitleýin bileleşigine berkidildi.
Ýygnakda çykyş edenler häzirki wagtda öz önümlerini daşarky bazarlara çykarýan ýerli önüm öndürijileriň sanynyň barha artdyrylmagynda, ýurdumyzyň eksport ukyplylygynyň ýokarlandyrylmagynda bu guramanyň mynasyp goşandynyň bardygyny bellediler. Ýygnakda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler we öň de goýlan wezipeler barada «GS1 Türkmenistan» guramasynyň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa şeýle gürrüň berdi:
— Milli guramamyz döredilen gününden bäri ýurdumyzyň kärhanalarynyň we telekeçileriň önümlerine çyzykly şertli belgileri paýlamak bilen, öndürijiden sarp edijä barýança, harytlaryň hasabatyny ýöretmäge we haryt dolanyşygynyň ýoluny yzarlamaga, wagtyny tygşytlamaga, alyjylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edip gelýär. Täze tehnologiýalaryň ösmegi bilen, sarp edijileriň islegleriniň artýan döwründe olara hödürlenýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak esasy meseleleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, biz Türkmenistanda öndürilýän önümleriň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we içerki söwda ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda öňdebaryjy halkara tejribelerden ugur alyp işleýäris. Öz önümlerini Russiýa, Ukraina, Belarus, Türkiýe, Belgiýa, Hytaý ýaly döwletlere eksport edýän Milli guramanyň agzalaryndan ýurdumyzyň Dokma ministrliginiň kärhanalaryny, «Bereket», «Hasar», «Ak gap» hojalyk jemgyýetlerini, «Parahat», «Täç hil» hususy kärhanalaryny, «Täze aý» konditer önümleri kärhanalaryny görkezmek bolar.
«Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ykdysadyýetde bolup geçýän özgertmeler milli guramanyň işinde-de giňden öz beýanyny tapýar. Halkyň çyzykly şertli belgiler we awtomatlaşdyrylan anyklaýyş barada maglumat almaga isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly okuw-tanyşdyryş işlerini yzygiderli geçirýäris. Önüm öndürijileri, sarp edijileri we söwda nokatlaryny birikdirýän web sahypamyz arkaly olar özüni gyzyklandyrýan meseleler boýunça giň işleýin maglumatlary alýar. Web sahypada agzalarymyz öz şahsy “otagyny” açyp, onda çyzykly şertli, global anyklaýyş belgilerini, harytlaryny, önümlerini hasaba goýup, üýtgedip, täze çyzykly şertli belgileri döredip bilýärler.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda GTIN (Global Trade Item Number – Global söwda haryt belgisi) ştrih-kodunyň döredilmegine 50 ýyl doldy. 1971-nji ýylyň 31-nji martynda häzirki zaman ykdysadyýetinde täze, döwrebap ulgam döredildi diýsek hem bolar. Ol harytlaryň dünýä boýunça sazlaşykly söwdalaşylmagyna ýardam berip gelýär. Türkmenistanda türkmen haryt öndürijileri üçin GTIN ştrih-kodlaryň 50070 sanysy döredildi. Munuň özi bedew bady bilen ösýän ýurdumyzda harytlaryň 50 müňden gowrak görnüşiniň öndürilýändigini aňladýar.