Russiýanyň mejlisiniň gününiň döredilmeginiň taryhyna ser salanymyzda, ilkinji gezek 1906-njy ýylyň 27-nji aprelinde Russiýanyň ilkinji mejlisiniň, Russiýa imperiýasynyň Döwlet Dumasynyň açylyş dabarasy boldy. 1906-1917-nji ýyllar aralygynda Döwlet Duma dört gezek saýlandy. Dürli ýyllarda deputatlaryň sany üýtgäp, 442-524 aralygynda boldy. Şol döwürde parlamentiň wezipesine kanunlaryň kabul edilmegi we döwlet býujetiniň tassyklanmagy girýärdi. Imperiýa Russiýasynyň taryhynda iň soňky Duma ýygnagy 1917-nji ýylyň 25-nji fewralynda geçirildi.
1917-nji ýylyň Oktýabr rewolýusiýasyndan soň, Bütin Russiýa Sowetler Gurultaýy Russiýa Sowet Federatiw Sosialistik Respublikasynyň (RSFSR) iň ýokary döwlet güýji bolýar. 1936-njy ýylda onuň ýerine Bileleşik Geňeşinden we Milletler Geňeşinden ybarat iki palataly mejlis döredilýär.
1993-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň konstitusiýasynda görkezilişi ýaly mejlis gaýtadan dikeldilýär. Häzirki wagtda Russiýanyň mejlisiniň gününi uludan belleýär. 2012-nji ýyldan bäri bellenilip geçilýän bu sene “Russiýa Federasiýasynyň Federal Assambleýasynyň, şeýle hem, Russiýa Federasiýasynyň esaslandyryjy guramalarynyň kanun çykaryjy guramalarynyň işiniň ýaýramagyna goldaw bermek” maksady bilen döredildi. Ilkinji gezek 2013-nji ýylda Russiýanyň mejlisiniň gününde resmi çäreler geçirildi. Bu gün Russiýanyň saýlama institutlarynyň taryhyna bagyşlanan leksiýalar we sergiler guralýar we mekdeplerde mejlise degişli sapaklary geçirilýär.
Maral BAGYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.