“Logitech” kompaniýasy şu ýylyň birinji çärýegindäki satuwy 1,54 milliard dollara deň boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 117% ýokarydyr. Walýuta hümmetiniň üýtgemegini göz öňünde tutup, ýyllyk ösüş 108%-e çenli ýokarlanyp, çärýekdäki amal girdejisi 295 million dollara barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 818% köpeldi. Bu ýylky satuwlar iň ýokary derejä 5,25 milliard dollara ýetdi. 2020-nji maliýe ýyly üçin hasabatda görkezilen bahadan 76% ýokarydyr (walýuta hümmetiniň üýtgemegini göz öňünde tutanyňyzda 74%). Amal girdejisi 1,15 milliard dollar bolup, ýylyň dowamynda 315 göterim ýokarlandy. Kompýuter enjamlaryny we programma üpjünçiligini öndüriji Şweýsariýa-Amerikan kompaniýasy bolan “Logitech”-iň ştab-kwartirasy Lozanna we Nýu-Ýork şäherlerinde ýerleşýär.