Germaniýanyň “Isar Aerospace” kompaniýasy “Spectrum” atly raketasy bilen 5 sany kiçi göwrümli emeli hemrasy kosmosa uçurdy. Bu uçuş Ýewropada amala aşyrylan täjirçilik maksatly ilkinji uçuş hasaplanýar. Norwegiýadaky kosmoparkdan amala aşyrylan uçuşdaky ähli emeli hemralaryň bellenen orbita ýerleşendigi mälim edildi. Raketanyň uzynlygy 28 metre barabar bolup, iki gatlakdan durýar. Şeýlelikde 2018-nji ýylda döredilen “Isar Aerospace” ilkinji şowly uçuşyny ýerine ýetirdi. Mundan 18 aý ozal kompaniýanyň uçuran raketasy ýerden göterilenden bary-ýogy 30 sekuntdan soňra ýere gaçypdy. Şeýle-de bolsa, kompaniýa şol uçuşy hem şowly diýip hasap edipdi.
“Isar Aerospace”-iň ýolbaşçysy Daniel Metzler 5-nji sentýabrda amala aşyrylan uçuşyň Ýewropanyň kosmos pudagy üçin ähmiýetli ädimleriň biridigine ünsi çekip, munuň materigiň strategik, ykdysady we tehnologiýa babatdaky geljegini üýtgetjek täzelikdigini aýtdy. Metzler dünýä derejesinde emeli hemralaryň uçurmakdaky ýetmezçiligiň öwezini dolmak üçin kompaniýanyň işlerini çaltlandyrjakdygyny mälim etdi. Onuň sözlerine görä, emeli hemra öndürýän kompaniýalar we Hökümetler kosmos uçuşlaryny amala aşyrýan az sanly üpjünçiniň sargytlara ýetişmeýändigi sebäpli uzak wagt garaşmaly bolýar.
Dünýäde soňky ýyllarda hususy kosmos kompaniýalary peýda boldy. Olaryň iň bellesi “SpaceX” amerikan kompaniýasydyr. “Isar Aerospace” bolsa, bu kompaniýalaryň alternatiwasy hökmünde ähmiýetli hasaplanýar. “SpaceX” gaýtadan ulanyp bolýan raketa tehnologiýasyny işläp taýýarlamak arkaly emeli hemralaryň kosmosa äkidiliş bahasyny görnetin arzanlatmagy başardy. Bu bolsa, pudakdaky bäsdeşligi ýitileşdirdi.
Ýewropa emeli hemralary we beýleki enjamlary kosmosa uçurmakda ABŞ-dan, Hytaýdan we Russiýadan örän yzda. Geçen ýyl Ýewropaly guramalara degişli bolan 7 uçuşyň ählisi Ýewropa materiginde däl-de, Amerika materigindäki Fransuz Gwineýasyndan amala aşyryldy. Degişli döwürde ABŞ 180, Hytaý 90 uçuşy amala aşyrdy.
“Isar Aerospace”-e edilýän sargytlar hem az däl. Eýýäm, 2028-nji ýylyň ahyryna çenli amala aşyryljak uçuşlaryň hemmesi öňünden sargyt edilipdir. Kompaniýa Mýunhendäki täze zawodynda geljekde her ýyl 40 raketa öndürmegi maksat edinýär. 1 müň kilograma çenli ýük göterip bilýän “Spectrum” raketasy kiçi we orta ölçegdäki emeli hemralary Ýeriň orbitasyna çykarmak maksady bilen işlenip taýýarlanypdyr. Kompaniýa geljekde ýük göterijiligi has ýokary bolan hem-de amatly bahadan raketa işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär.
Ýewropa ýurtlary uzak ýyllaryň dowamynda täjirçilik maksatly emeli hemralaryny Fransiýanyň “Airbus” hem-de “Safran” kompaniýalarynyň bilelikde döreden “Arianespace” kompaniýasy arkaly amala aşyrýar.
“Isar Aerospace”-den başga-da Ýewropada Germaniýanyň “Rocket Factory Augsburg”, Ispaniýanyň “PLD Space” we Fransiýanyň “MaiaSpace” ýaly kompaniýalar kosmos raketalaryny işläp taýýarlaýar.
“Arianespace” bolsa, 2024-nji ýylda Fransuz Gwineýasyndan “Ariane 6” raketasy bilen ilkinji gezek agyr ýüki kosmosa çykarypdy.
PDF








