ABŞ-nyň Nýu-Ýork ştatynyň kanun çykaryjy mejlisi 2035-nji ýyldan başlap adaty ýangyçly ulaglaryň satuwyny gadagan edýän kanun taslamasyny taýýarlady. Ştatyň ýolbaşçysy gol çeken ýagdaýynda täze düzgün güýje girýär. Mundan ozal Waşingtonda hem şeýle düzgün ýola goýlupdy. Bu düzgün ýurduň paýtagtynda 2030-njy ýylda ýola goýlar. Kaliforniýa we Massaçusets ştatlarynda hem adaty hereketlendirijili ulaglaryň satuwyny 2035-nji ýyldan başlap ýatyrmak göz öňünde tutulýar. Kanun taslamasynda elektroulaglar barada gürrüň edilmeýär. Diňe daşky gurşawa zyýansyz ýangyçlardan peýdalanýan ulaglaryň satylyp bilinjekdigi bellenilýär. Bu bolsa wodorod ýa-da geljekde peýda boljak beýleki ýangyçlardan peýdalanýan ulaglaryň satylyp bilinjekdigini görkezýär. Şeýle hem kanun diňe bu ulaglaryň satuwyny gadagan edýär. Ozal bar bolan adaty ýangyçly ulaglaryň ulanylmagy dowam etdiriler. Kanun taslamasynda orta we agyr ýörite tehnikalaryň 2045-nji ýyldan başlap «nol kömürturşy gazly» bolmagy talap edilýär.
Bahar ANNAÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.