Bütindünýä ykdysady forumynyň ýyllyk maslahaty 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Dawosda geçiriler. Bu barada Dawos-Klosters syýahatçylyk merkeziniň web sahypasynda mälim edilýär. Häzirki wagtda gatnaşyjylar üçin myhmanhanalaryň bahalary barada gepleşikler alnyp barylýar.
WEF-iň her ýylda geçirilýän maslahaty, adatça, ýanwar aýynda Dawosda guralýardy, ýöne 2021-nji ýylda pandemiýa bilen baglanyşykly çäklendirmeler sebäpli bu maslahaty awgustyň 17-sinden 20-si aralygynda Singapurda geçirmek kararyna gelindi. Syýahatçylyk merkezi Dawos-Klosters 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda duşuşygyň öňden geçirilýän ýerinde guraljakdygyny habar berdi.
«Häzir taýýarlyk işleri dowam edýär. Meýilnama görä, WEF-iň indiki maslahaty geljek ýylyň ýanwar aýynyň 17-sinden 21-i aralygynda Dawosda geçiriler» diýip, beýanatda bellenilýär.
Şeýle hem bu beýanatda «WEF-iň wekilleri bilen syýasat, işewürlik we syýahatçylyk babatda, şeýle-de ulag we gatnaşyjylaryň ýerleşmeli myhmanhanalary ýaly meseleler boýunça maslahat edilendigi» nygtalýar.
WEF – Şweýsariýanyň hökümete degişli bolmadyk guramasy bolup, her ýyl öňdebaryjy işewürleriň, syýasy ýolbaşçylaryň we dürli iş ugurlary boýunça tejribeli hünärmenleriň duşuşygyny guraýar. Häzirki wagtda müňden gowrak iri kompaniýalar we guramalar WEF-iň agzalary bolup durýar.