Geçen ýyl taryhyň iň yssy üç ýylynyň biri boldy. Bu barada Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (WMO) Global klimat hasabatynda aýdylýar. WMO-nyň hasabatynda «pandemiýa bilen baglanyşykly ykdysady haýallyk howanyň üýtgemeginiň öňüni alyp bilmedi» diýilýär. Barlaglaryň netijesine görä, «2020-nji ýyl La-Ninýa hadysasynyň sowatma täsirine garamazdan, meteorologik gözegçilikleriň taryhynda iň yssy üç ýylyň biri boldy».
WMO-nyň Baş sekretary Petteri Taalas BMG-däki ştab-kwartirasynda guralan metbugat ýygnagynda çykyş edip, has yssy howanyň ýurtlaryň ykdysadyýetine täsir edýän tebigy ýagdaýlaryň köpelmegine sebäp bolýandygyny belledi. Adamlar yssylygyň öňüni almakda üstünlik gazanyp başlasalar-da, bu ýagdaý ýakyn onýyllyklarda dowam eder. Bu ýagdaýa uýgunlaşmagyň iň oňat usullaryndan biri gözegçilik üçin we tebigy betbagtçylyklar barada öňünden duýduryş serişdelerine maýa goýmakdyr.
WMO hasabatynda «dünýäniň häzirki ortaça ýylylyk derejesiniň senagatdan öňki döwürdäki ýylylyk derejesinden 1,2 dereje ýokarydygy» bellenilýär. «2011-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli onýyllygyň meteorologik gözegçilikleriň taryhynda iň yssysy boldy» diýlip resminamada bellenilýär.