Birleşen Milletler guramasy howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş çärelerini maliýeleşdirmek boýunça uly kampaniýa başlady. Bu barada BMG-niň habar merkeziniň web sahypasynda mälim edilýär. Jemi 70 trillion dollar maýasy bolan 160 töweregi kompaniýa Glazgo maliýe bileleşigine goşuldy. Bu kompaniýalar 2050-nji ýyla çenli «uglerod bitaraplygyny» gazanmak maksady bilen çäreleri maliýeleşdirmek üçin tagallalaryny birleşdirerler.
– Bu howanyň üýtgemegine garşy göreş çäreleriniň maliýeleşdirilmeginde öňegidişlikdir. Bu bileleşik zyňyndysyz ykdysadyýete geçilmegini tizleşdirmäge gönükdirilen maliýe ulgamlarynyň oňat utgaşdyrylan işini üpjün edýän strategiki forum hökmünde çykyş eder – diýip, howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň ýörite wekili we Angliýa Bankynyň öňki müdiri Mark Karni aýtdy.
Klimat boýunça halkara maslahaty 2021-nji ýylyň 1-12-nji noýabry aralygynda Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde geçiriler. Bu çäräniň maksady dürli jemgyýetleriň, şäherleriň, ştatlaryň we sebitleriň wekillerini bir ýere jemlemek, azyk we howanyň üýtgemegi barada konstruktiw gepleşikler geçirmek, dürli taraplaryň isleglerini kanagatlandyrmak, täze aragatnaşyklary we hyzmatdaşlyklary ýola goýmak ýaly wezipeleri öz içine alýar.
Mundan başga-da, howanyň adatdan daşary ýagdaýlarynyň netijelerine garşy göreşmek üçin toplumlaýyn azyk syýasatyny işläp taýýarlamagyň zerurlygy barada ýokary derejeli jarnamany taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.