Al­ba­ni­ýa­da ge­çi­ri­len Par­la­ment saý­law­la­ryn­da do­lan­dy­ry­jy So­sia­lis­tik par­ti­ýa­nyň baş­ly­gy, Prem­ýer-mi­nistr Edi Ra­ma ýe­ňiş ga­za­nan­dy­gy­ny mä­lim et­di.
Al­ba­ni­ýa­nyň Mer­ke­zi saý­law to­pa­ry­nyň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, do­lan­dy­ry­jy So­sia­lis­tik par­ti­ýa­sy 48,16% ses alyp, ýur­duň bir pa­la­ta­ly Par­la­men­tin­de 140 orun­dan 74 or­na eýe bol­dy. Ikin­ji orun­da 28,73% ses we 43 orun bi­len De­mok­ra­tik par­ti­ýa, üçün­ji ýer­de 14,38% ses we 19 orun bi­len So­sia­lis­tik In­teg­ra­si­ýa He­re­ke­ti gel­ýär.
12 par­ti­ýa we bi­le­le­şik Al­ba­ni­ýa­nyň 140 orun­lyk Par­la­men­tin­den orun al­mak üçin öza­ra bäs­leş­di. Ýurt­da, tak­my­nan, 3,6 mil­li­on ra­ýa­tyň ses ber­mek hu­ku­gy bo­lup, saý­law­la­ra gat­na­şyk 48%-e deň bol­dy.
Ses­ler üçin esa­sy bäs­deş­lik 2013-nji ýyl­dan bä­ri hä­ki­mi­ýet ba­şyn­da bo­lan So­sia­lis­tik par­ti­ýa bi­len De­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy­nyň bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da bo­lup geç­di. Iki güýç hem Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bi­len has ýa­kyn hyz­mat­daş­ly­gy gol­da­ýar­lar.
Al­ba­ni­ýa Res­pub­li­ka­sy Bal­kan ýa­rym ada­sy­nyň gün­ba­tar bö­le­gin­de ýer­leş­ýän döw­let.
Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, Al­ba­ni­ýa­da 3 mil­lio­na go­laý adam ýa­şap, ilat sa­ny bo­ýun­ça dün­ýä­de 136-njy, tut­ýan meý­da­ny bo­ýun­ça 139-njy ýer­de dur­ýar. Ýur­duň paý­tag­ty Ti­ra­na şä­he­ri­dir.