Estoniýa we Finlýandiýa hökümetleri Tallin-Helsinki tunneliniň gurluşygyny göz öňünde tutýan teswirnama gol çekdiler. Bu barada Estoniýanyň Ykdysady meseleler we aragatnaşyk ministrliginiň beýanatynda mälim edilýär. Bu teswirnama Estoniýanyň Ykdysadyýet we infrastruktura ministri Taawi Aas we Finlýandiýanyň Transport we aragatnaşyk ministri Timo Harakka gol çekdi. Teswirnamada ulag pudagynda hyzmatdaşlyk we iri taslamalary amala aşyrmak üçin maglumat alyş-çalşygy, şol sanda, Tallin-Helsinki tunneli, «Rail Baltica» magistraly, umumy Ýewropa ulag ulgamy we Baltika deňzi geçelgeleri göz öňünde tutulýar.
Bu karar Tallin-Helsinki tunnel taslamasynyň umumy Ýewropa transport ulgamyna goşulmagy ugrunda ilkinji ädimdir. Taslamany Ýewropa Bileleşigi bilen birlikde maliýeleşdirmek ileri tutulýar. Teswirnama 2030-njy ýyla çenli hereket edýär.
Fin kompaniýasy «Finest Bay Area» 2018-nji ýylda Tallin bilen Helsinkini Fin aýlagynyň aşagyndan geçmeli demir ýol ötügi arkaly baglanyşdyrmak başlangyjy bilen çykyş etdi. Häzirki wagtda seredilýän bu taslama esasynda Fin aýlagynda uzynlygy 70 kilometre ýetýän we çuňlugy 200 metr bolan tunnel gurmak göz öňünde tutulýar. Helsinkiden Talline çenli sagatda 200 kilometr tizlik bilen hereket etjek ýolagçy otlusy ýarym sagat ýol ýörär.
Taslamanyň bahasy 20 milliard dollar diýlip çaklanylýar. Gurluşygyň 2024-nji ýylyň ahyryna çenli tamamlanyp biljekdigi öňe sürülýär. Fin aýlagynda emeli adanyň gurulmagy hem meýilleşdirilýär. Taslamany goldaýanlar munuň iki ýurduň ykdysady ösüşine goşant goşjakdygyny öňe sürýärler.