Günorta Amerikanyň Günbatar kenarlarynda ýerleşýän Atakama çöli dünýäniň iň gurak çöli hasaplanýar. Çölüň käbir ýerlerinde birnäçe onýyllyklardan soň bir gezek ýagyş ýagýar. Çiliniň Antofagasta sebitinde ortaça ygalyň mukdary ýylda 1 millimetrden geçmeýär. 1570-nji ýyldan 1971-nji ýyla çenli bu çölde hiç hili ýagyş bolmandyr diýen ýaly. Şoňa görä Atakamanyň käbir meteorologik beketlerinde bu çölde ýagyş ýagandygy barada maglumat ýok. Şeýle-de bolsa, Atakama çölünde bir wagtlar durmuşyň bolandygy çaklanylýar. Arheologik barlaglar bu sebitiň müňlerçe ýyl ozal ekerançylyk ýerleri hökmünde ulanylandygyny subut etdi. Bu ýerdäki ymgyr giňişlikler ir zamanlar Çiliniň häzirki çäklerinde ýaşan ilatyň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolupdyr.
– Bu ýerde oba hojalygyna geçiş biziň eýýamymyzdan öň 1000-nji ýyllarda başlanyp, ahyrky netijede sebitiň ilatyna uly ýardam beripdir – diýip, Çiliniň Pontifiki katolik uniwersitetiniň hünärmeni Fransiska Santana-Sagredo aýdýar.
Eýsem, daşky gurşawyň kyn şertlerinde nädip bu mümkin bolduka? Alymlar bu syryň gadymy suwaryş usullarynyň ulanylmagy arkaly mümkin bolandygyny ýüze çykardylar, emma diňe bir suwuň bol bolmagy hem oba hojalygynyň ösüşi üçin ýeke-täk şert bolmaýandygyny bellediler. Geçirilen barlaglarda adamlaryň ösümlikleri ösdürip ýetişdirmek üçin dürli dökünleri ulanandyklaryny anykladylar. Täze barlaglarda bu çaklamany tassyklaýan subutnamalar hem bar.
– Biz Çiliniň demirgazygyndaky Atakama çölüniň arheologiki ýerlerinden ýüze çykarylan ösümliklerde barlag geçirmegi maksat edindik – diýip, Santana-Sagredo aýtdy.
Barlag geçirijiler gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan köp sanly gadymy ösümliklerde düýpli barlag işlerini geçirdiler. Bu ösümlikleriň nusgalary Atakamanyň guraklygy sebäpli abat saklanyp galypdyr. Olaryň arasynda mekgejöwen, çili burçy, kädi, noýba we beýlekiler bar. «Alymlar ösümliklerde barlag geçirip, olaryň düzüminde azodyň mukdarynyň ýokarydygyny anykladylar. Synag edilen ösümlikleriň arasynda esasan, mekgejöwenden has köp azot ýüze çykarylyp, bu ösümligiň sebitiň gadymy halkynyň iýmitiniň esasy düzümini emele getirendigini anykladylar. Miladynyň 1000-nji ýylyna çenli ilat oba hojalyk dökünleriniň beýleki görnüşlerini ulanan bolmagy mümkin. Bu ýagdaý bolsa oba hojalyk tejribesiniň ep-esli artmagyna, şeýle-de adamlar üçin esasy iýmite öwrülen mekgejöweniň ösdürilip ýetişdirilmegine sebäp bolupdyr» diýip, barlagyň awtorlary belleýärler.