Bu pähim ählimize tanyş bolsa gerek. Onuň döreýiş taryhy barada şeýleräk rowaýat bar:
«Ir döwürlerde iki sany gurply goňşy söwda maksady bilen uzak ýola şaýlanýar. Ýol harajatyny tutanlarynda olaryň biri az-owlak suw we iýmit alyp, goşhaltasyny altyn teňňelerden doldurýar. Beýlekisi bolsa altyn teňňelerini ýeterlik alyp, suwuny, iýmitini bol edinýär. Ýola düşenlerinde hälki tylladan ýüklenen adam ýolboýy özüniň puly we baýlygy bilen öwnüp, suwuny, iýmitini bisarpa harçlaýar. Onuň ýerine goňşusy tygşytlylygy elden bermeýär. Her bir iýen-içenini ýolboýy hasaplap gidiberýär. Şol barmana olaryň ýoly bir ymgyr çölüň üstünden düşýär. Altyn teňňelerden ýükleneniň iýmiti hem, suwy hem derrew gutarýar. Tygşytly goňşusy bolsa hiç hili kösençlik çekmeýär. Köp wagt geçmänkä altyndan ýüklenen adam suwsuzlyga çydam edip bilmeýär we goňşusynyň her damja suwuna bir altyn teňňe tölemäge başlaýar. Bular barmaly menziline ýetenlerinde hälki goňşular goşlaryny görseler, barjamly adamyň baýlygyndan nam-nyşan galmandyr. Onuň deregine goňşusynyň baýlygy has hem artypdyr.»
Şondan bäri hem il arasynda «Suw damjasy – altyn dänesi» diýen söz ýörgünli bolup galypdyr.
Suw hiç wagt öz gymmatyny ýitirmeýär. Onuň saglyga peýdasy barada häzire çenli ençeme ylmy işler, edebi eserler ýazyldy. Alymlaryň bellemegine görä, adam bedeninde beýniniň 85 göterimi, ganyň 80 göterimi, myşsalaryň 70 göterimi suwdan ybarat. Günüň dowamynda adam bedeninde derlemek, dem almak, geplemek we peşew ýoly arkaly 2 litre golaý suw ýitirilýär. Bedeniň ýitgisiniň öwezini dolmak üçin her gün 2 litrden gowrak arassa suw içmek maslahat berilýär. Çünki suw – ýaşaýşyň çeşmesi.
Suwuň bedene ýetirýän täsirleriniň birnäçesini sanap geçeliň! Suw derini nemlendirýär; beden temperaturasyny sazlaýar; zyýanly maddalary bedenden daşyna çykarmaga ýardam edýär; ganyň üsti bilen bedeniň ähli ýerine kislorod paýlaýar; myşsalary işjeňleşdirýär; böwrekde daş ýygnanmagynyň öňüni alýar; iýmit siňdiriş ulgamynyň işini sazlaýar we göreçleri nemlendirýär.
Ýolaman ÝOLAMANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.