Portugaliýanyň daglyk sebitindäki “Aruoca Park” seýilgähiniň çäklerinde dünýäniň iň uzyn pyýada köprüsi açyldy. “Aruouca 516” atly köpriniň uzynlygy 516 metre ýetýär. Mundan ozalky rekord uzynlykdaky köpri Şweýsariýadaky “Charles Kuonen” köprüsi bolup, onuň uzynlygy 494 metre barabardy. Köpri “Aguieiras” şaglawugy bilen sebitiň iň beýik nokady “Paiva Gorge”-yň aralygynda gurlupdyr. Aşagyndan akyp geçýän derýadan 176 metr belentlikde ýerleşýän köpriniň gurluşygy üç ýylda tamamlanypdyr.