Iri kompaniýalar 2021-nji ýylyň birinji ýarymyna degişli maglumatlaryny ýaýradyp başladylar. Ýaýradylan maglumatlarda telefon öndürijileriniň hem söwdasynyň ýokary bolandygyny görmek bolýar. Üç aýyň dowamynda “Samsung” kompaniýasy bäsdeşlerinden ozduryp, iň köp telefon satan brend boldy. Ikinji we üçünji orny “Apple” hem-de “Xiaomi” eýeleýär. Degişli döwürde global smartfon satuwy 27 göterim ýokarlanypdyr. Koreý brendi 76,5 million telefon satyp, dünýädäki smartfon bazarynyň 22 göterimini emele getiripdir. Birküç ýyllykda belli bir döwür birinji orny eýelän “Huawei” bolsa, 18,6 million smartfon satyp, ýedinji orna düşüpdir. Telefon satuwynda ikinji, üçünji kämahal dördünji orny düşýän hem bolsa girdeji babatda hemişe birinjiligi elden bermeýän “Apple” kompaniýasy 52,4 million telefony müşderilere ýetiripdir. Amerikan brendiniň bazar paýy 15 göterim bolupdyr. Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy satuwyny 62 göterim artdyryp, 49 million smartfon satypdyr. “Oppo” kompaniýasy hem satuwyny görnetin ýokarlandyrmagy başarypdyr. Hytaý brendiniň satuwy 60 göterim ýokarlanyp, 37,6 million telefon satypdyr.
Bilermenleriň bellemeklerine görä, pandemiýadan soňra önümçiligiň artmagy awtoulag we elektron enjam senagatynda çip ýetmezçiligini ýüze çykardy. Dünýä belli awtoulag kompaniýalary önümçiligine bir-iki hepdeligini togtatmaly boldular. Bu meseläniň smartfon önümçiligine täsiriniň dowam etjekdigini bellenilýär. LG kompaniýasynyň smartfon bazaryny terk etmegi “Motorola”, TCL we “Nokia” brendleriniň işine oňyn täsir etjekdigi aýdylýar.