Her ýylyň 4-nji maýynda Latwiýa Respublikasy baş baýramyny – Garaşsyzlyk gününi giňden belleýär. 2011-nji ýyla çenli bu güni Latwiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk Jarnamasynyň yglan edilen güni hökmünde bellenilýärdi. Şol ýyldan bäri Latwiýa Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň gazanan güni diýlip bellenilýär. Ilkinji gezek 1918-nji ýylyň 18-nji noýabrynda Latwiýanyň paýtagty Rigada Garaşsyzlyk jarnamasy yglan edilýär we ýurt garaşsyz bolýar. 1939-njy ýylda Latwiýa Sowet Soýuzynyň düzümine girýär. Soňra, 1980-nji ýyllaryň ahyrynda Baltika ýurtlarynda özygtyýarlylyk islegi has işjeňleşip başlaýar. Şeýlelik bilen, 1990-njy ýylyň 4-nji maýynda Latwiýa SSSR-niň täze saýlanan deklarasiýa Geňeşiniň goldamagynda ýurduň Garaşsyzlygyny dikeltmek baradaky Jarnamany kabul edilýär.

Mundan başga-da, bu baýramçylygyň hormatyna Latwiýada her ýyl dürli dabaralar we halk festiwallary geçirilýär. Horlaryň dürli görnüşleri we häzirki zaman aýdym-sazlarynyň ýerine ýetirijileriniň gatnaşmagynda surat sergileri we konsertler guralýar. Jemgyýetçiligiň wekilleri däp boýunça horlar we orkestrleriň konsertleri bilen bilelikde gül goýmak dabarasyna hem gatnaşýarlar.

Aýna NAZARGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.