Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň nyg­taý­şy ýa­ly, bi­ziň eý­ýa­my­myz yl­my-teh­ni­ki pi­ki­riň ok­gun­ly ös­me­gi­niň döw­ri bo­lup dur­ýar. Mu­nuň özi bi­lim­le­riň, teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, ma­ga­ry­fyň we dö­re­di­ji­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ok­gun­ly ösüş de­re­je­si bi­len şert­len­di­ri­len­dir. Hut şo­ňa gö­rä-de, Türk­me­nis­tan­da ýo­ka­ry komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny, mul­ti­me­di­ýa ul­gam­la­ry­ny, öň­de­ba­ry­jy iş tej­ri­be­si­ni ulan­mak ar­ka­ly döw­re­bap okuw mek­dep­le­ri­niň ul­ga­my­ny gi­ňelt­mä­ge, ýag­ny tu­tuş bi­lim ul­ga­my­nyň in­no­wa­si­on ýol bi­len ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Onuň esa­sy ugur­la­ry hü­när­leş­dir­mek­den, komp­ýu­ter­leş­dir­mek­den, okuw­la­ry teh­no­lo­gi­ýa­laş­dyr­mak­dan, dün­ýä­niň bi­lim gi­ňiş­li­gi­ne iş­jeň go­şu­lyş­mak­dan yba­rat­dyr.
Hut şu maksatlardan ugur alnyp, Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň dö­re­dil­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň hem-de in­no­wa­si­on ul­ga­my­nyň ösü­şi­niň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­ny şöh­le­len­dir­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň Türk­me­nis­tan­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän giň möç­ber­li bi­lim öz­gert­me­le­ri­niň esa­syn­da goý­lan oňyn baş­lan­gyç­la­ry ýur­du­my­zyň in­tel­lek­tu­al — iş­gär­ler kuw­wa­ty­ny art­dyr­ma­ga, döw­le­tiň, yl­myň we işe­wür­li­giň ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry­nyň we­zi­pe­le­ri­ni çöz­mä­ge ýar­dam et­mä­ge gö­nük­di­ri­len no­bat­da­ky iri tas­la­ma­da aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­dy.
Bu ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň tä­ze bi­na­lar top­lu­my­nyň umu­my meý­da­ny on iki gek­tar­dan yba­rat. Top­lum bäş gat­ly baş bi­na­ny, iki sa­ny okuw bi­na­sy­ny hem-de yl­my-bar­lag mer­ke­zi­ni özün­de jem­le­ýär. Bir ýüz seg­sen bäş okuw ota­gyn­dan yba­rat ýo­ka­ry okuw mek­de­bin­de bir wag­tyň do­wa­myn­da üç müň ta­ly­byň oka­ma­gy üçin äh­li şert­ler dö­re­dil­di.
Paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň gö­zel­li­gi­ne öz­bo­luş­ly öwüş­gin ber­ýän tä­ze Uni­wer­si­tet­de bäş fa­kul­tet, on bäş sa­ny hem ka­fed­ra iş­lär. Ta­lyp­lar bu ýer­de ma­te­ri­al­la­ry öw­ren­mek we tä­ze ma­te­ri­al­la­ryň teh­no­lo­gi­ýa­sy; na­no­ma­te­ri­al­lar; hi­mi­ki teh­no­lo­gi­ýa; bio­teh­no­lo­gi­ýa; mag­lu­mat ul­gam­la­ry we teh­no­lo­gi­ýa­la­ry; aw­to­mat­laş­dyr­mak we do­lan­dyr­mak; me­hat­ro­ni­ka we ro­bot teh­ni­ka­sy; in­no­wa­ti­ka ýa­ly mö­hüm ugur­lar bo­ýun­ça döw­re­bap bi­lim alar­lar.
Uni­wer­si­tet­de okat­ma­gyň hä­zir­ki za­man usul­la­ry bo­lan ba­ka­lawr, ma­gistr we dok­to­rant de­re­je­le­ri ula­ny­lar.
Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de döw­le­ti­mi­ziň gol­daw ber­me­gin­de hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len mil­li ýo­ka­ry okuw mek­de­bi hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýur­du­my­zyň hem-de dün­ýä­niň iň go­wy tej­ri­be­si­ne, ösü­şiň ga­za­nan­la­ry­na da­ýa­nyp, özü­niň ylym-bi­lim we pe­da­go­gik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­ýar. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň çalt döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy, onuň tä­ze, ylym bi­len bag­ly pu­dak­la­ry­ny ok­gun­ly ös­dür­mek hem-de bi­lim­le­re esas­lan­ýan jem­gy­ýe­ti ke­ma­la ge­tir­mek ba­bat­da iş­gär­ler üp­jün­çi­li­gi­niň ze­rur­ly­gy bi­len bag­ly­lyk­da iň tä­ze bi­lim teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň we stan­dart­la­ry­nyň yzy­gi­der­li or­naş­dy­ryl­ma­gy tu­tuş ýo­ka­ry okuw mek­dep­ler ul­ga­my­nyň düýp­li öz­ger­dil­me­gi­ni, soň­ky ýyl­lar­da hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň tä­ze hü­när ugur­la­ry­nyň on­lar­ça­sy­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny ta­lap et­di.ylym-bilim-taze-belentliklerde