Ahyrlap barýan futbol möwsüminde Ýewropanyň birnäçe çempionatlarynda eýýäm çempionlygyny yglan eden klublar belli boldy. Awgust-sentýabr aýlarynda başlap, maý aýynda tamamlanýan çempionatlaryň arasynda ilkinji bolup, Şotlandiýanyň çempionatynyň ýeňijisi mälim boldy. Soňky tapgyrda ezeli bäsdeşi “Seltigi” 4-1 hasabynda ýeňen “Reýnjers” möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda, ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirýär. 10 ýyldan soň çempionlyk gazanan “Reýnjers” 55-nji gezek kubogy eýeläp, milli çempionatda özüne degişli iň köp çempion bolmak rekordyny ösdürdi.
Ukrainada Kiýewiň “Dinamosy” hem çempionaty 16-njy gezek birinji hatarda tamamlamagy başardy. Italiýada 9 ýyldan soň çempion üýtgäp, “Inter” 19-njy gezek çempion boldy. Niderlandlaryň çempionatynda “Aýaks” 35-nji, Russiýada “Zenit” 7-nji gezek çempionlygyny yglan etdi. Polşanyň çempionatynda Warşawanyň “Legia” topary 15-nji gezek çempion bolup, “Ruh Hožuw” hem-de “Gurnik Zabže” klublaryndan öňe saýlandy we bu ugurda rekordy öz adyna geçirdi.
Serbiýanyň çempionatynda “Srwena Zwezda” 32-nji, Çehiýada Praganyň “Slawiýa” kluby yzly-yzyna 3-nji, umumylykda 7-nji, edil şonuň ýaly Wengriýada-da “Ferençwaroş” bassyr 3-nji, umumylykda-da 32-nji gezek çempion bolmagy başardy. Gresiýanyň “Super Ligasynda” “Olimpiakos” bassyr 2-nji, umumylykda 46-njy gezek, Şweýsariýanyň “Super Ligasynda” soňky ýyllarda çempionlygy özünde saklaýan “Ýang Boýz” bu möwsümi-de altyn medal bilen tamamlady. Bern şäheriniň wekili yzly-yzyna 4-nji, umumylykda 15-nji gezek çempion diýen ady eýeledi. Kiprde “Omoniýa” 21-nji, Gruziýada “Dinamo Tbilisi” bassyr 2-nji, umumylykda 18-nji çempionlygyny gazandy.
Şu hepdäniň ahyrynda-da Germaniýanyň Bundesligasynda, Türkiýäniň Super Ligasynda hem-de Angliýanyň Premier Ligasynda hem çempionlar belli bolup biler.
Ýewropada çempionlygy belli bolan ýurtlar:
Şotlandiýa – “Reýnjers”
Ukraina – “Dinamo Kiýew”
Niderlandlar – “Aýaks”
Italiýa – “Inter”
Polşa – “Legia Warşawa”
Russiýa – “Zenit”
Serbiýa – “Srwena Zwezda”
Çehiýa – “Slawiýa Praga”
Şweýsariýa – “Ýang Boýz”
Gresiýa – “Olimpiakos”
Wengriýa – “Ferençwaroş”
Kipr – “Omoniýa”
Gruziýa – “Dinamo Tbilisi”