Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

NASA-nyň Güne iberen “Parker Solar Probe” atly enjamy sekuntda 150 kilometre ýetip, rekord goýdy. Bu tizlik şöhläniň tizliginiň on müňden birine deňdir. 2018-nji ýylda Güni ýakyndan öwrenmek maksady bilen iberilen “Parker” sagatda 532 müň kilometre tizlige ýetdi. Şeýlelikde kosmos giňişligindäki adam eli bilen döredilen iň ýyndam madda boldy. Mundan ozalky rekord hem “Parker”-e degişlidi. Bu tizlik bilen hereket edýän jisim Ýeriň daşyndaky bir aýlawyny 4,5 minutda tamamlap bilýär. Deňeşdirmek üçin mysal bermeli bolsa, Halkara kosmos bekedi her günde Ýeriň daşyndan 16 aýlaw edýär. Tizlik rekordyny goýan enjamyň işi 2025-nji ýylda tamamlanýar. Häzire çenli “Parker” 24 “gözegçilik nokadynyň” sekizinden geçdi. Her nokatda enjam Wenera planetasynyň grawitasiýasyny öz tizligini artdyrmak üçin peýdalanýar. Enjamy işläp taýýarlan inženerler onuň sagatda 692 müň kilometre tizlige ýetip biljekdigini belleýärler.