Türkmenistandaky
iň iri gurluşyk we hojalyk
harytlarynyň söwda
merkezler toplumy
575555 / 575757 / 575553

UEFA Çempionlar ligasynda taryhda ilkinji gezek bir möwsümde bir klubuň hem erkekler topary hem-de zenanlar topary finala çykdy. Ýagny bu taryhy üstünligi başaran ilkinji topar “Çelsi” boldy. Erkekleriň topary mälim bolşy ýaly ýarym finalda Çempionlar ligasynyň iň köp çempion bolan topary “Real Madridi” ýeňlişe sezewar etdi. “Çelsi” zenanlar kluby bolsa ýarym finalda “Bawariýadan” üstün çykdy. Münhende 2-1 utulan londonly gyzlar Angliýada 4-1 hasabynda ýeňiş gazandy. “Çelsili” gyzlar finalda “Barselona” bilen duşuşar. Final duşuşygy 16-njy maýda Şwesiýanyň Gýoteborg şäherindäki “Gamla Ullewi” stadionynda oýnalar