Sagdyn durmuş ýörelgesi daşky gurşawyň tebigy we sosial täsirleri esasynda saglygy goramaga we berkitmäge gönükdirilen ýokary hilli ynsan durmuşydyr. Elbetde, sagdyn bolmak üçin her bir ynsanyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamagy esasy talap bolup, munuň esasy şertleri şulardan ybaratdyr.
Kadaly iýmitlenmek. Kadaly iýmitiň esasy ýörelgesi aramlylyk we dürli-dürli bolmalydyr. Çünki beden ähli zerur ýokumly maddalary makro we mikroelementleri almalydyr. Witaminlere we minerallara baý gök önümleri ýeterlik derejede ulanmalydyr. Şonuň ýaly-da, öz iýmitiň düzüminde süýt önümlerini, ýumurtga, balyk, ýagsyz et, noýba, hoz we maňyz goşmalydyr.
Gün şöhlesi. Gün şöhlesiniň bedene peýdaly taraplaryny köpleriň bilmeýän bolmagy-da ahmal. Bu ylmy taýdan hem doly subut edilendir. Ol bedeniň gorag ulgamynyň öýjüklerini işjeňleşdirip deridäki zyýanly bakteriýalary we öýjükleri ýok edýär, ganda myşsalara kuwwat berýän maddanyň emele gelmegine ýardam berýär. Şeýlelikde günüň täsiri bilen kuwwatlanan myşsalar bedenimiziň işjeňligini artdyrýar, nerw ulgamyny berkidip, özüňi oňat duýmaga mümkinçilik berýär. Günüň täsiri bilen ynsan bedeninde D witamini emele gelip, onuň boýuň ösmeginde we bedeniň gorag ulgamyny berkitmekde ähmiýeti uludyr. Belli bir wagt aralygynda ýiti bolmadyk güneşiň astynda gezmegiň peýdaly taraplary köpdür. Ýöne uzak wagtlap jöwzaly günüň astynda gezmeklik, hiç bir jähtden makullanylmaýar. Sebäbi Gün şöhlesi gan basyşyňy ýokarlandyrýar. Ýüregagyrylylara we öýken kesellilere uzak wagtlap günüň astynda gezmek maslahat berilmeýär. Ýiti bolmadyk Gün şöhlesi ýeterlik kabul edilende saglygy goramakda, özüňi duýşuňy gowulandyrmakda we bedeniň gorag ulgamyny berkitmekde örän peýdalydyr.
Suw. Bedenimiziň kadaly hereketde bolmagy üçin günde 1,5-2 litr suwuklyk kabul edilmeli, onuň 2/3 bölegi bolsa adaty suw bolmalydyr. Bedende suwuň ýetmezligi kellagyra, ýadawlyga, ysgynsyzlyga, gyzmalyga, iç gatama, ýüzüň ýellenmegine, ukynyň bozulmagyna getirýär.
Fiziki maşklar. Fiziki türgenleşik diňe bir maddalaryň çalyşmasyny we bedendäki ganyň aýlanyşyny gowulandyrman, eýsem, bedeniň gorag ulgamyny berkidýär we maddalaryň çalşygyny kadalaşdyrýar. Ulular her günde azyndan on müň ädim ýöremelidir. Şeýle hem hepdede bäş sapar ylgaw, ýüzüş we sportuň beýleki görnüşleri bilen bir sagada golaý meşgullanmak peýdalydyr.

Çynar BERDIKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň esasy hünärmeni.