Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlara garşy durmak, gyzlara bilim bermek, klimaty goramak boýunça täze usullary işläp düzmek 3-nji maýdan 5-nji maý aralygynda Londonda geçirilen G7 toparyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň ýüzbe-ýüz maslahatynyň esasy mowzugy boldy. Şu ýyl dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýedi ýurdunyň halkara bileleşigine Beýik Britaniýanyň hökümeti ýolbaşçylyk edýär.
Bu maslahata Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Kanadanyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň we Ýaponiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylaryndan başga-da Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wezipeli wekili Jozep Borrel, Awstraliýa, Hindistan, Koreýa Respublikasy we Günorta Afrika ýaly ýurtlaryň wekilleri we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlary birleşiginiň (ASEAN) baş sekretary Lim Jok Hoý hem gatnaşdy.
– G7 toparynyň häzirki maslahatynyň dowamynda dünýäniň iň uly ykdysadyýetleriniň umumy kynçylyklaryny çözmek maksady bilen birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bütin dünýäde sanjymlaryň deň paýlanmagyny üpjün etmek, gyzlaryň bilim almagy üçin global maksatlary kesgitlemek, klimaty goramak boýunça zerur çäreler barada ylalaşmak ýaly meseleler maslahatyň esasy özenini düzdi – diýip, Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Dominik Raab aýtdy.
Maslahatda G7 toparynyň ösýän ýurtlarda gyzlaryň bilim almagyna goldaw bermek üçin ýakyn iki ýylda 15 milliard dollar bermegi meýilleşdirýändigi mälim edildi. G7 toparyna agza ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary bölünip berlen pul serişdeleri arkaly pes girdejili ýurtlarda 40 milliondan gowrak gyzyň 2026-njy ýyla çenli mekdebe gatnap biljekdigine we 20 millionynyň bolsa 10 ýyla çenli okamagy öwrenjekdigine umyt edýärler. 15 milliard dollar, G7 toparyny düzýän ýurtlar tarapyndan 2018-nji ýylda ösüşi maliýeleşdirmek maksady bilen esaslandyrylan «2X Challenge» maksatnamasynyň çäklerinde paýlanmagyna garaşylýar.
1 milliard funtluk şertnamalar
Beýik Britaniýa we Hindistan G7 toparyna agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Londonda geçirilen maslahatynyň çäklerinde 1 milliard funtluk söwda we maýa goýum şertnamasyny baglaşdylar. Bu maýa goýumlar Beýik Britaniýada saglygy goraýyşa, tehnologiýa boýunça 6,5 müňden gowrak iş ýerleriniň döredilmegine, şeýle hem 240 million funt sterling «Codagenix INC» bilen hyzmatdaşlykda sanjym öndürmäge gönükdiriler.
Britan kompaniýalary Hindistan bilen Beýik Britaniýada ykdysady ösüşe itergi berýän bahasy 446 million funt sterlingden gowrak bolan täze eksport şertnamalaryny baglaşdylar. Beýik Britaniýa bilen Hindistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy ýylda 23 milliard funt sterling töweregi bolup, ýarym milliondan gowrak iş ýerlerini döredýär. Täze şertnama 2030-njy ýyla çenli ýurtlaryň arasyndaky söwdanyň möçberini iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer.