Dubaý bütin emirligi global döredijilik merkezine öwürmek maksady bilen ägirt uly strategik meýilnamany ýola goýdy. Meýilnamada 2025-nji ýyla çenli dizaýn we medeniýet ugrundan işleýän kompaniýalarynyň sanyny iki esse artdyrmak göz öňünde tutulýar. Dubaý döredijilik ykdysadyýetiniň ýurduň jemi içerki önümine goşýan goşandyny 2,6%-den 5%-e çenli ýokarlandyrmagy we media dizaýny, medeniýet we sungat üçin täze döredijilik zolaklaryny döretmegi maksat edinýär. Döredijilik ykdysadyýeti strategiýasy ýakyn 4 ýylda işjeň döredijilik we medeni kompaniýalaryň sanyny 8 müň 300-den 15 müňe çenli artdyrmagy maksat edinýär we şol döwürde döredijilik iş ýerleriniň 70 müňden 140 müňe çenli köpelmegine garaşylýar. Kompaniýalary esaslandyrmak boýunça «Virtuzone» kompaniýasynyň hünärmenleri bu babatda ýüz tutmalaryň artýandygyny belleýärler.
Dubaýyň häkimiýeti daşary ýurt kompaniýalaryny özüne çekmek, ýerli zehinleri goldamak maksady bilen şeýle başlangyçlary ýola goýýar. Dogry infrastrukturany gurmak we üpjün etmek meselesinde hem Dubaý öňdebaryjydyr. Yglan edilen strategiýa döredijilik pudagyny goldamak we ilerletmek üçin dogry esasdyr diýlip, maglumatlarda bellenilýär.