Niderlandiýaly är-aýal tutuşlygyna 3D tehnologiýasy arkaly gurlan Ýewropanyň ilkinji öýüne göçüp bardy. Bu barada «The Guardian» gazeti habar berýär. Neşiriň habaryna görä, Eliza Luts we Garri Dekkers gapyny açmaga mümkinçilik berýän programmaly sanly açara eýe boldular.
Bu jaý kanun esasynda ýaşamaga mümkinçilik döredilen ilkinji ýaşaýyş jaýydyr. Ilki bilen şunuň ýaly jaýlaryň 2019-njy ýylda peýda bolmagy meýilleşdirilipdi, ýöne binagärlik taslamasynyň çylşyrymlylygy sebäpli möhletler yza süýşürildi. Bu taslama «Eýndhowen» tehniki uniwersiteti we «Vesteda» ýaşaýyş jaý korporasiýasy bilen bilelikde amala aşyryldy.
Ýaşaýyş jaýynyň meýdany 94 inedördül metr bolup, onda iki otag bar. Jaý gaýa ýaly şekillendirilip, 24 sany beton elementlerden ybaratdyr. Binany döretmek üçin 120 sagat gerek boldy.