13-nji Hal­ka­ra awia­si­ýa we kos­mos ser­gi­si «Airs­how Chi­na 2021»-e 300-den gow­rak hy­taý­ly we da­şa­ry ýurt­ly kom­pa­ni­ýa­la­ry gat­na­şar. Bu ba­ra­da çä­rä­niň gu­ra­ma­çy­la­ry mä­lim et­di­ler. Me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da, çä­re 28-nji sent­ýabr­dan 3-nji okt­ýabr ara­ly­gyn­da Hy­ta­ýyň Gu­an­dun we­la­ýa­ty­nyň Çşu­haý şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler di­ýip, Awia­si­ýa we kos­mos ser­gi­si­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň jo­gap­kär sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry Çžu­haý Çžou Szo­de aýt­dy.
Ser­gä gat­na­şy­jy­la­ryň ara­syn­da «Boeing», «Emb­ra­er», «GE Awia­si­ýa», «Ho­ney­well» we «Par­ker Aeros­pace» ýa­ly meş­hur hal­ka­ra awia­si­ýa we ae­ro­kos­mos kom­pa­ni­ýa­la­ry bar. Bu ýyl «Airs­how Chi­na»-nyň ýa­pyk ser­gi meý­da­ny 100 müň ine­dör­dül metr bo­lup, ola­ryň 80%-i eý­ýäm äti­ýaç üçin sak­lan­ýar we açyk ser­gi meý­da­ny 360 müň ine­dör­dül met­re deň­dir.
Çžou Szo­de­niň söz­le­ri­ne gö­rä, awia­kos­mos ser­gi­si on­laýn ter­tip­de hem ge­çi­ri­lip, to­ma­şa­çy­lar uçuş­la­ra, ýer­dä­ki uçar­la­ryň ta­nyş­dy­ry­ly­şy­na, şeý­le hem on­laýn fo­rum­la­ra to­ma­şa edip bi­ler­ler. Bu çä­rä awia­si­ýa we ae­ro­kos­mos pu­da­gy­nyň hü­när­men­le­ri, şeý­le hem on­laýn ter­tip­de alyş-ça­lyş we ge­le­şik­le­ri bag­laş­mak üçin Hy­taý­dan we da­şa­ry ýurt­lar­dan söw­da we­ki­li­ýet­le­ri gat­na­şar.