Ýew­ro­par­la­men­tiň ka­ra­ry. Ýew­ro­pa Par­la­men­ti Be­ýik Bri­ta­ni­ýa bi­len Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň ara­syn­da­ky söw­da we hyz­mat­daş­lyk ba­ra­da­ky şert­na­ma­ny ma­kul­la­dy. Res­mi­na­ma 660 de­pu­tat ta­ra­pyn­dan gol­da­nyl­dy, bä­şi­si gar­şy çyk­dy. Şert­na­ma­nyň gu­tar­nyk­ly güý­je gir­me­gi üçin ÝB ýurt­la­ry ta­ra­pyn­dan yla­la­şyl­ma­ly. 2020-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Be­ýik Bri­ta­ni­ýa içer­ki ba­zar ka­nu­ny­ny hö­dür­le­di. Ge­çen ýy­lyň de­kabr aýy­nyň ba­şyn­da ÝB we Be­ýik Bri­ta­ni­ýa Bir­le­şen Ko­rol­ly­gyň ser­he­din­den geç­jek ha­ryt­la­ryň 98% -i üçin paç­syz me­ýil­na­ma ba­ra­da yla­laş­dy­lar.

NA­SA-nyň tä­ze baş­ly­gy. ABŞ Kong­re­si­niň Se­na­ty Bill Nel­so­nyň ABŞ-nyň Mil­li awia­si­ýa we kos­mos do­lan­dy­ryş gul­lu­gy­nyň (NA­SA) baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne da­laş­gär­li­gi­ni bi­ra­gyz­dan tas­syk­la­dy. ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Jo­zef Baý­den 78 ýaş­ly Nel­so­nyň da­laş­gär­li­gi­ni mart aýyn­da Se­na­tyň tas­syk­la­ma­gy­na hö­dür­läp­di. Nel­son De­mok­ra­tik par­ti­ýa­nyň ag­za­sy bolup, Flo­ri­da şta­tyn­dan üç ge­zek Se­na­ta saý­lan­dy. Ol 2019-njy ýyl­dan bä­ri NA­SA-nyň ge­ňe­şi­niň ag­za­sy bo­lup dur­ýar. Nelson 1986-njy ýyl­da «Space Shutt­le» mak­sat­na­ma­sy­nyň çä­gin­de kos­mosa uçu­şy­ny ama­la aşyr­dy.

Iň uzyn as­ma köp­ri. Por­tu­ga­li­ýa­nyň de­mir­ga­zy­gyn­da, Aro­ka şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da dün­ýä­de iň uzyn as­ma köp­ri gu­rul­dy. Onuň uzyn­ly­gy 516 metre, ini 1,2 met­re deň. Bu köp­ri der­ýanyň ha­na­syn­dan 175 metr ýo­kar­da ýer­le­şip, aşa­gyn­dan Paý­wa der­ýa­sy akyp geç­ýär. Tä­ze sy­ýa­hat­çy­lyk mer­ke­zi­niň iki ýyllap dowam eden gur­lu­şy­gyna 2,3 mil­li­on ýew­ro sarp edildi. Des­ga­nyň gur­lu­şy­gyn­da, esa­san, me­tal ula­nyl­dy. Hä­zir­ki wagt­da il­kin­ji py­ýa­da­lar – ýer­li ýa­şaý­jy­lar köp­rü­den geç­di­ler.

Ikin­ji ge­zek uç­dy. Dün­ýä­niň iň uly uça­ry «Stra­to­la­unch» ikin­ji uçu­şy­ny ama­la aşyr­dy. Uçar Ka­li­for­ni­ýa­da­ky Mo­ha­we ae­ro­kos­mos por­tun­dan gö­te­ril­di. Sy­nag uçu­şy üs­tün­lik­li bol­dy. Onuň il­kin­ji uçu­şy 2019-njy ýy­lyň ap­re­lin­de bo­lup geç­di. Ame­ri­ka­nyň «Stra­to­la­unch» kom­pa­ni­ýa­sy «Micro­soft»-yň esas­lan­dy­ry­jy­sy Pol Al­le­niň gat­naş­ma­gyn­da dö­re­dil­di. Uçar ga­na­ty­nyň ge­ri­mi we uzyn­ly­gy bo­ýun­ça iň ulu­sy bo­lup, il­ki­baş­da kos­mos ra­ke­ta­la­ry­ny uçur­ma­ga niýet­le­nip­di. Bu uçar gi­per­ses­li teh­no­lo­gi­ýa­la­ry sy­na­mak üçin ula­nyl­dy.

Iň agyr man­go ýe­tiş­di­ril­di. Ko­lum­bi­ýa­ly daý­han­lar iň agyr man­go­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­di­ler, onuň ag­ra­my dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­nyň web sa­hy­pa­syn­da bel­len­me­gi­ne gö­rä, mi­we ag­ra­my bi­len köp­le­ri haý­ran gal­dyr­dy. Bu re­kord Bo­ýa­ka şä­he­rin­dä­ki San Mar­tin fer­ma­syn­da go­ýul­dy. Daýhanlaryň ös­dü­rip ýe­tiş­di­ren man­go­sy­nyň aras­sa ag­ra­my 4,25 ki­log­ra­ma deň. Mi­we Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gir­di. Res­mi bel­li­ge al­nan­dan soň, daý­han maş­ga­la­sy man­go­ny hä­kim­li­ge ber­mek üçin nus­ga­la­dy­lar. Soň­ra bol­sa mi­wä­ni ke­sip iý­di­ler.

Guw­was­la­ryň re­kor­dy. 100-den gow­rak hy­taý­ly guw­was suw pe­ri­le­ri­niň ly­ba­syn­da ägirt ak­wa­riu­ma çü­müp, dün­ýä re­kor­dy­ny goý­dy. Bu su­was­ty ýü­züş iň uly çä­re hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Tä­sin çä­re Haý­nan ada­syn­da­ky At­lan­tik San­ýa şy­pa­ha­na­syn­da bo­lup geç­di. Daý­wing bo­ýun­ça hü­när­men­le­riň bir­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan gur­na­lan bu ak­ro­ba­tik çä­re ta­ryh­da iň ulu­sy bol­dy. Bu şy­pa­ha­na­nyň eýe­le­ri suw des­ga­sy­nyň üçün­ji ýyl­ly­gy­ny bel­le­mek üçin suw pe­ri­le­ri­niň çy­kyş­la­ry­ny sar­gyt eden­dik­le­ri ha­bar be­ril­ýär.

Iň uly göw­her sa­ty­lar. 12-nji maý­da Že­ne­wa­nyň «Chris­tie’s Mag­ni­ficent Je­wels» auk­sio­nyn­da ag­ra­my 100,94 ka­ra­ta deň bo­lan göw­her sa­ty­lar. Bu ba­ra­da Rus­si­ýa­nyň «Al­ro­sa» kom­pa­ni­ýa­synyň wekilleri ha­bar ber­ýär. Bu göw­her 5 ýyl ozal ga­zy­lyp al­nan ag­ra­my 207,29 ka­rat bo­lan seý­rek göw­her­den ýa­sal­dy. Kris­tal XXI asyr­da kom­pa­ni­ýa üçin iň uly göw­her­le­riň bi­ri­dir. Ony ta­raş­la­mak üçin bir ýa­rym ýyl ge­rek bol­dy. «The Spectacle» at­ly bu göw­her adam eli bi­len ta­raş­la­nan te­bi­ga­tyň ha­ky­ky gud­ra­ty» di­ýip, «Al­ro­sa­nyň» baş di­rek­to­ry Ser­geý Iwa­now aýt­dy.

Dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Ka­tar­da ýa­şa­ýan dört ýaş­ly hin­di gyz­ja­ga­zy Men­de­le­ýe­wiň pe­rio­dik tab­li­sa­syn­da­ky äh­li hi­mi­ki ele­ment­le­ri ýat­dan aý­dyp, dün­ýä re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Bu ba­ra­da Ka­ta­ryň «The Pe­nin­su­la Qatar» ga­ze­ti mä­lim ed­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ça­ga pe­rio­dik tab­li­sa­nyň äh­li ele­ment­le­ri­ni hiç bir kyn­çy­lyk­syz ýat­dan aýt­ma­gyň höt­de­sin­den gel­di. Re­kor­dy tä­ze­le­mek üçin gyz­ja­ga­za 2 mi­nut 28 se­kunt ge­rek bol­dy. Re­kord­lar ki­ta­by­ny dü­zü­ji­le­riň bel­leý­şi ýa­ly, bu netije ça­ga­la­ryň ara­syn­daky iň go­wy gör­ke­zi­ji­dir.