Uzak arakesmeden soň Germaniýada medeni durmuş täzeden başlandy. Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli girizilen sanitar çäklendirmeler ýeňilleşdirilenden soň, Berlinde sungat festiwaly – Galereýa hepdesi açyldy. Bu Germaniýada bolup geçen iň uly wakalaryň biridir. Oňa onlarça muzeýler, galereýalar we sergi merkezleri gatnaşýar. Şeýle-de bolsa bu ýere gelýänler diňe bellenilen tertip boýunça kabul edilýär.
Barselonada bolsa sungat muşdaklary niderland suratkeşi Mauris Eşeriň sergisine çagyrylýar. Ol 26-njy sentýabra çenli Maritimo muzeýinde dowam edýär. Bu ýerde suratkeşiň 200-den gowrak eseri, olaryň arasynda Eşeriň sýurrealizm döwrüniň iň meşhur eserleri, şeýle hem onuň giňişligiň wizual duýgusy we çäksizligiň illýuziýasy bilen geçiren synaglary bar. Kolleksiýaçy we sergini gurnaýjy Federiko Judiçeandreanyň bellemegine görä, Eşeriň eserleriniň köpüsi matematikanyň täsiri astynda döredilipdir. Bu, esasan hem, 1945-nji ýyldan soň, matematikleriň özleri Eşeriň eserlerine ýüzlenenden soň ýüze çykdy.
Şeýle hem şu günler sungatyň sýurrealizm ugry Permdäki medeni durmuşyň merkezinde orun alyp, ol ýerde Salwador Daliniň Sankt-Peterburgdaky sungat galereýasynyň ýygyndysyndan ýüzden gowrak eseri görkezilýär. Bular, esasan, grafika we aýnadan edilen heýkellerden, şeýle-de Salwodor Daliniň eserleriniň sanly nusgalary bilen tanyşmak üçin «Janly polotno» atly multimediýa taslamasyndan ybaratdyr. Permdäki «Sýurrealizm – bu men» sergisi 20-nji maýa çenli dowam edýär.