Şöh­lä­niň boş­luk­da­ky tiz­li­gi se­kunt­da 300 müň ki­lo­met­re ba­ra­bar. Has ta­ky­gy 299 792 458 metr/se­kunt. Äh­li elekt­ro­mag­nit tol­kun­la­ryň tiz­li­gi hem şu­ňa ba­ra­bar. Şöh­le du­ry mad­da­la­ryň için­den ge­çe­nin­de, tiz­li­gi az­da-kän­de pe­sel­ýär. Şeý­le hem aý­na ýa­ly du­ry mad­da­lar şöh­lä­ni döw­ýär.
Reňk­le­riň eme­le gel­me­gi hem ýag­ty­lyk bi­len bag­ly. Ýag­ty­lyk çeş­me­sin­den gel­ýän şöh­le haý­sy­dyr bir za­da de­gip, döw­len­den soň­ra bi­ziň gö­zü­mi­ze deg­me­gi ne­ti­je­sin­de, biz şol za­dy gö­rüp bil­ýä­ris. Mad­da haý­sy reňk­dä­ki şöh­lä­ni yzy­na ser­pik­dir­ýän bol­sa, bi­ze şol reňk­de gö­rün­ýär. Ýe­riň te­bi­gy ýag­ty­lyk çeş­me­si bo­lan Gü­nüň ýag­ty­ly­gyn­da äh­li reňk­li şöh­le bar. Eme­li ýag­ty­lyk çeş­me­le­rin­de kä­bir reňk­li şöh­le­ler bol­ma­ýar.
Şöh­lä­niň kä­bi­ri bi­ze gö­rün­me­ýär. 1800-nji ýyl­da iň­lis ast­ro­no­my Wil­ýam Her­şel gö­ze gö­rün­me­ýän inf­ra­gy­zyl şöh­lä­ni tap­ýar. Ol Gün şöh­le­si­ni bir priz­ma­dan ge­çi­rip, gy­zyl, na­rynç, sa­ry, ýa­şyl, gök, go­ýy gök we me­lew­şe reňk­le­riň gyz­gyn­ly­gy­ny aý­ra­tyn­lyk­da öl­çe­ýän wag­ty gy­zyl reň­kiň aň­ry­syn­da hem tem­pe­ra­tu­ra­nyň ýo­ka­ry ga­lan­dy­gy­ny gör­ýär. Şeý­le­lik­de, adamyň gö­zü­niň gör­me­ýän reň­ki­niň bar­dy­gy il­kin­ji ge­zek tö­tän­le­ýin ýü­ze çyk­arylýar.
Ýag­ty­lyk çeş­me­sin­den çy­kan şöh­le gö­ni ýaý­ra­ýar. Haý­sy­dyr bir du­ry mad­da de­ge­nin­de bol­sa dö­wül­ýär. Eý­sem, şöh­lä­ni döw­män, ep­läp bo­lar­my­ka?
Şöh­lä­ni ep­le­mek ar­ka­ly is­len­dik ta­ra­pa ug­ruk­dy­ryp bol­ýar. Mu­ny ki­çi­jik tej­ri­be ar­ka­ly özü­ňiz hem bar­lap bi­ler­si­ňiz. Mu­nuň üçin plas­tik gap, suw we la­zer çy­ra­sy ge­rek.
Plas­tik ga­byň bir ta­ra­py­ny de­şiň! De­şik ýe­ri­ni eli­ňiz bi­len tu­tup, içi­ne suw gu­ýuň! Soň­ra ga­byň beý­le­ki ta­ra­pyn­dan de­şi­ge gö­nel­dip, la­zer çy­ra­sy­ny tu­tuň! De­şi­gi ýap­ýan eli­ňi­zi aýy­ryň! Çy­ra­nyň yşy­gy içi suw­ly plas­tik gap­dan gö­ni geç­män, su­wuň ug­ry bi­len aşak­ly­gy­na «akar». Ak­ýan su­wa eli­ňi­zi tu­ta­ny­ňyz­da çy­ra­nyň ýag­ty­ly­gy­nyň eli­ňi­ze düş­ýän­di­gi­ni gö­rer­si­ňiz. Bu ýer­de şöh­le ak­ýan su­wuň «di­war­la­ry­na» de­gip yzy­na ser­pik­ýär. Şol se­bäp­li hem şöhle edil tur­ba­nyň için­den bar­ýan ýa­ly su­wuň ug­ry bi­len he­re­ket ed­ýär.
Bu tej­ri­bä­ni ulu­la­ryň kö­me­gi bi­len ge­çir­me­li­di­gi­ni unut­maň!